Bosnia-Herzegowinanyň etnik serb böleginde polisiýa oglunyň ölümine degişli hakykaty gözläp çykyş eden we protestleriň döremegine sebäp bolan adamy tussag etdi. Ol polisiýanyň soraga çagyrmagyndan ýüz öwrüpdi.
Polisiýa Dawor Dragiçewiçi 25-nji dekabrda Srbska Respublikanyň paýtagty Banja Lukada tussag etdi. Ýene ençeme adam, şol sanda Dragiçewiçiň öňki aýaly hem tussag edildi.
Dragiçewiç maşgalasynyň aklawçysy Dawor Dragiçewiçiň tussag edilmeginiň dowamynda ejir çekendigini aýtdy. Polisiýa bu aýyplamalary ret etdi.
Sosial mediada ýerleşdirilen wideolarda polisiýa ofiserleriniň Banja Lukanyň merkezinde raýatlar bilen ýakalaşýandygy görkezilýär.
Ýewropa Bileleşiginiň Bosniýadaky delegasiýasy ýaýradan beýanatynda ýagdaýa syn edýändigini mälim etdi.
Dragiçewiç 21 ýaşly oglunyň ölüminde soň "Dawid üçin adalat" atly hereket döretdi. Onuň ogly Dawid bir hepdeläp ýitirim bolansoň öli tapyldy. Kakasy onuň ogurlanandygyny, gynalyp, öldürlendigini aýtdy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!