Türkmenistanyň prezidenti Indoneziýanyň hökümetine ýurtda bolan güýçli sunami bilen baglylykda gynanç bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Indoneziýanyň prezidenti Džoko Widodo ýolan gynanç hatynyň mazmuny 25-nji dekabrda türkmen mediasynda çap boldy.
21-nji dekabrdan 22-nji dekabra geçýän gijesi Indoneziýanyň Ýawa we Sumatra adalarynyň arasyndan geçýän Zond bogazynda dörän suw joşguny zerarly 429 adam wepat boldy we bir ýarym müň çemesi adam ýaralandy. Ýene 150-den gowrak adam ýiten hasaplanýar. Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýy we myhmanhana weýran boldy.
Seýsmologlar güýçli tolkunyň emele gelmegine Anak-Krakatau wulkanynyň joşmagynyň sebäp bolan bolmagyny çak edýärler.