Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz neşir Türkmenistandaky azyk gytçylygy, gymmatçylygy we ykdysady kynçylyklar barada wideo çap etdi


Türkmenabat şäherinde döwlet dükanynyň öňünde un nobatyna garaşýan köpçülik. Arhiwden alnan surat.
Türkmenabat şäherinde döwlet dükanynyň öňünde un nobatyna garaşýan köpçülik. Arhiwden alnan surat.

21-nji dekabrda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty “Türkmenistanda bagtyýarlyk we berkararlyk döwrüniň krizisi” diýen at bilen wideo maglumat çap etdi.

Wideoda Türkmenistanyň çar künjünde 2018-nji ýylda göze ilen ykdysady we sosial meseleler, şol sanda işsizlik, halkyň barha agyrlaşýan güzerany, ýurtda harytlaryň gytalmagy we gymmatçylygy, pensiýa aýlyk haklarynyň wagtynda tölenmezligi ýaly meseleler öz beýanyny tapýar.

“2018-nji ýyl Türkmenistanyň raýatlary üçin aýratyn agyr ýyl boldy” diýip, arka planda gynançly saz bilen gürrüňe başlaýan awtor uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň global arzanlamagynyň, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň halkara sport çärelerine milliartlarça dollar pul harçlamagynyň ýurtda iş orunlarynyň kemeldilmegine, nagt pul ýetmezçiligine hem-de azyk önümleriniň krizisine alyp gelendigini aýdýar.

Wideoda ýapyk Türkmenistanyň welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda düşürilen kadrlar, Marynyň bir dükanynyň öňünde çörek nobatyna garaşýan adamlar, birnäçe gün bäri pensiýa tölegini alyp bilmeýän goja, Lebabyň ulanylan haryt satylýan bazary we beýlekiler görkezilýär.

Onuň başynda fewral aýynda Daşoguz welaýatynda surata alnan adamlaryň kepek ugrundaky nobatlarda aldym-berdimli basalaşygy görkezilýär.

“Bu bolsa pajarlap, gülläp ösýän Aşgabat. Aprel aýynda krizis paýtagta-da gelip ýetdi” diýip, döwlet dükanynyň öňünde pagta ýagynyň nobatyna garaşýan adamlar görkezilýär.

Soňra Mary welaýatynda ýerleşýän bir dükanyň öňünde düşürilen kadrlar görkezilýär. Onda adamlar dükanyň öňünde çörek nobatyna garaşýar. Awtor çöregiň adam başyna ikiden berilýändigini aýdýar. “Ir sagat 7-ä çenli çörek satylyp gutarýar. Aýdylşy ýaly, ir turan işinden dynar” diýip, wideo dowam edýär.

Awtor çöregiň bazarlarda döwlet bahasyndan 5-6 esse gymmat satylýandygyny nygtaýar.

“Biraz soň dükanyň öňünde towuk buduny satyn almak üçin başga bir nobat döreýär. Towuk budynyň 1 kilogramy 8 manatda satylýar. Ýokary talap sebäpli dükanda towuk eti adam başyna iki kilogramdan satylýar. Adamlar muňa-da razy, sebäbi sygyr etiniň 1 kilogramy bazarda 35 manatda satylýar” diýip, awtor aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary hem iberýän yzygiderli maglumatlarynda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un-çöregiň we beýleki käbir iýmit önümleriniň gytçylygy hem-de olaryň hususy dükanlardaky gymmatçylygy barada habar berip geldi.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” YouTube kanalynda paýlaşan soňky wideosynda krizisiň sebäpleri bilen gyzyklanýar, “näme üçin?” diýip soraýar.

“Näme üçin gaza baý ýurduň ilaty esasy iýmit önümleriniň ýetmezçiliginden ejir çekýär?” diýip, awtor ýüzlenýär.

Soňra daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň öz bank kartlaryndan pul nagtlaşdyryp bilmeýändikleri barada gürrüň edilýär.

Şeýle-de, wideoda aýlyk pensiýa tölegini wagtynda alyp bilmeýän bir goja bilen geçirilen gürrüňdeşlik görkezilýär. Goja agyr şertlerden şikaýat edýär.

Türkmen hökümeti ykdysady krizisi tassyklamaýar.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar barada gürrüň gozgalmaýar.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýtynyň çap eden wideosy häzirki wagtda 79 müň gezek tomaşa edilipdir. Rus dilinde taýýarlanan wideo şekilleriň aşagynda onuň iňlis dilindäki terjimesi hem ýetirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG