Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýyň Karaçidäki konsulhanasyna edilen hüjümiň esasy guramaçysynyň ölendigi aýdylýar


Hytaýyň Karaçidäki konsulhanasynyň öňüne edilen hüjümde zeper ýeten ulaglar. 23-nji noýabr, 2018 ý.

Geçen aý Pakistanyň separatist topary tarapyndan Hytaýyň Karaçi şäherindäki konsulhanasyna edilen hüjümiň esasy guramaçysy öldi diýip, topar aýdýar.

Pakistanyň resursa baý Bulujystan sebitiniň garaşsyzlygy ugrunda göreşýän “Bulujystan azat ediş armiýasynyň” (BLA) 26-njy dekabrda ýaýradan beýanatyna görä, toparyň liderleriniň biri bolan Aslam Baloç öldürildi.

“BLA-nyň möhüm komandiri Aslam Baloç özüniň başga-da bäş ýarany bilen bilelikde 24-nji dekabrda duşman hüjüminde şehit boldy” diýip, separatist toparyň metbugat wekili Jiand Baloç aýtdy.

Ol gürrüňi edilýän adamlaryň nirede öldürilendigini mälim etmedi.

Bulujystan Pakistanyň iň uly we iň garyp welaýaty bolup, bu welaýat etniki, sekta we separatist gozgalaňlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Geçen aý üç hüjümçi Hytaýyň Karaçidäki konsulhanasyna hüjüm etdi. Bu hüjümiň netijesinde hüjümçiler, iki polisiýa ofiseri we parahat ilatdan iki adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG