Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German kansleri rus prezidentini ukrain deňizçilerini azat etmäge çagyrýar


German kansleri Angela Merkel, Berlin, 12-nji dekabr. Arhiw suraty
German kansleri Angela Merkel, Berlin, 12-nji dekabr. Arhiw suraty

German kansleri Angela Merkel bilen rus prezidenti Wladimir Putin telefonda söhbetdeş bolup, Gündogar Ukrainadaky we Krymdaky konfliktleri ara alyp maslahatlaşdy, Merkel moskwa güýçleri tarapyndan Kerç aýlagynyň golaýynda tussag edilen 24 ukrain deňizçisiniň azatlyga goýberilmegi boýunça basyş etdi.

German hökümetiniň sözçüsi Ulrike Demmeriň 28-nji dekabrda aýtmagyna görä, Merkel bilen Putiniň ara alyp maslahatlaşan esasy ganly konfliktleriniň biri Ukrainadaky ýagdaý bilen bagly.

Şeýle-de olar, ABŞ-nyň uruşdan tozan ýurtdan goşun çykarmak kararyndan soň, Siriýa meselesini çözmek hakynda pikir alyşdylar.

Rus serhetçileri 25-nji noýabrda birnäçe ukrain gämisini oka tutup, Kerç aýlagynyň golaýyndan barýan 24 deňizçini tussag edeninden soň, dartgynlyklar ýokarlandy.

Deňizçiler henizem rus tussaghanalarynda saklanýar we serhedi bozmakda aýyplanyp, iş kesilmek wehimi astynda galýar.

XS
SM
MD
LG