Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde güman edilýän 40 jeňçi öldürildi


Müsür, polisiýa partlama bolan ýeri barlaýar. Giza, 28-nji dekabr, 2018 ý.
Müsür, polisiýa partlama bolan ýeri barlaýar. Giza, 28-nji dekabr, 2018 ý.

Müsür polisiýasy Giza piramidalarynyň golaýynda dört syýahatçyny öldüren bomba hüjüminden bir gün soň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen reýd mahalynda güman edilýän jeňçileriň 40 sanysynyň öldürilendigini aýdýar.

Içeri işler ministrliginiň 29-njy dekabrda beren maglumatyna görä, gürrüňi edilýän 40 adam Gizada we Demirgazyk Sinaý şäherinde terrorçylaryň üç bukusyna urlan sinhron howpsuzlyk zarbalary esasynda öldürildi.

“Terrorçy elementler” döwlet edaralaryna, syýahatçylyk desgalaryna, howpsuzlyk güýçlerine we ýurtdaky ybadathanalara garşy tapgyrlaýyn hüjümleri gurnamagy planlaşdyrdylar” diýip, Müsüriň döwlet telewideniýesei IIM-e salgylanyp habar berdi.

Polisiýa reýd mahalynda uly möçberde ok atýan ýaraglary, partlaýjy enjamlary, partlajýy ýasalýan maddalary ele saldy.

28-nji dekabrda ýurtda üç sany wiýetnamly syýahatçy we olaryň müsürli ýolbeledi piramidalaryň golaýynda partladylan bombanyň pidasy boldy diýip, resmiler aýtdylar.

XS
SM
MD
LG