Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe, Orsýet Siriýadaky tagallalaryny “ýerinde” utgaşdyrmak ylalaşygyna geldi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 29-njy dekabrda türk kärdeşi Mewlut Çawuşoglu bilen duşuşdy.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 29-njy dekabrda türk kärdeşi Mewlut Çawuşoglu bilen duşuşdy.

Türkiýe bilen Orsýet, ABŞ-nyň planlaşdyrylan goşun çykarmasyndan soň, Siriýadaky tagallalaryny “ýerinde” utgaşdyrmak hakynda ylalaşyga geldiler diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 29-njy dekabrda, Moskwada türk resmileri bilen bolan duşuşykdan soň aýtdy.

"Elbetde, biz Birleşen Ştatlaryň yglan eden goşun çykarmasy bilen baglylykda dörän täze ýagdaýlara ýörite üns berdik” diýip, “Interfaks” habar gullugy Lawrowyň sözlerini sitirledi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu gepleşiklerden soň Ankara bilen Moskwanyň Siriýany terror guramalarynyň ählisinden saplamakda umumy maksadynyň bardygyny aýtdy diýip, döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar gullugy habar berdi.

Şeýle-de Çawuşoglu, “Anadolu” habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkiýäniň Siriýa we regional meseleler boýunça Eýran hem Orsýet bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň Siriýadaky 2 müň çemesi harbysyny çykarjakdygyny aýdyp, Amerikanyň Ýakyn Gündogardaky syýasatynyň sütünini gowşatmak bilen ABŞ ýaranlarynda howsala döretdi.

Orsýet we Eýran ýurduň ýedi ýyla çeken raýat urşy döwründe Siriýanyň hökümetiniň esasy goldawçylary boldy, Türkiýe prezident Başar al-Assadyň güýçlerine garşy göreşýän pitneçi toparlary goldady.

Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” jeňçi toparyna we Assadyň hökümet güýçlerine garşy söweşýän siriýaly arap we kürt gýüçlerini goldady.

XS
SM
MD
LG