Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýeti, Pakistany Owganystandaky konfliktde has aktiw rol oýnamaga çagyrdy


Owgan esgeri
Owgan esgeri

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp beýleki ýurtlary, aýratynam Russiýany, Pakistany we Hindistany Owganystandaky söweşlere has köp goşulmaga çagyrdy, şol bir wagtda-da Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň bu ýurtda uzak möhletleýin galmagynyň dowam etdirilmegine garşy çykyş etdi.

Tramp 2-nji ýanwarda hökümet maslahatynyň dowamynda eden telewizion çykyşynda Moskwanyň 1980-nji ýyllarda Owganystana goşun salmagynyň Sowet Soýuzyny “bankrotlyga” we onuň ýumrulmagyna alyp barandygyny hem öňe sürdi.

Owganystanda “Talybana” we “Yslam döwleti” toparyna garşy söweş barada eden çykyşynda Tramp regiona has golaý ýerleşýän ýurtlary söweşi kabul edip, oňa gatnaşmaga çagyrdy.

“Beýleki ýurtlara seretseňiz... Pakistan şol ýerde. Olar söweşmeli. Russiýa söweşmeli” diýip, Tramp aýtdy.

“Russiýanyň [1980-njy ýyllarda] Owganystana barmagyna terroristleriň Russiýa ugramagy sebäp bolupdy” diýip, Tramp “Olaryň şol ýerde bolmagy dogrudy” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

“Problema munuň agyr söweş bolmagyndady we olar sözüň doly manysynda “bankrotlyga” uçrady. Olar Sowet Soýuzynyň deregine gaýtadan Russiýa diýlip atlandyrylyp başlandy” diýip, Tramp belledi.

“Näme sebäpden Russiýa [häzir] ol ýerde däl? Näme sebäpde Hindistan ol ýerde däl? Näme sebäpden Pakistan ol ýerde däl?” diýip, Tramp sözüni dowam etdirdi: “Biz ol ýerden 6000 mil uzakda we näme üçin biz ol ýerde?” diýdi.

Sowet Soýuzy 1979-88-nji ýyllar aralygynda Owganystany basyp alypdy we ýurduň gan döküşikli raýat urşunda Kabulyň kontrollugy ugrunda göreşýän dürli mujahedin güýçlerine garşy söweşipdi. Ençeme ýyl dowam eden uly göwrümdäki maliýe ýitgilerinden soňra sowet goşuny Owganystandan çykdy we 1991-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Sowet Soýuzy, ýagny Sowet sosialistik respublikasynyň birleşigi resmi taýdan dargady.

Tramp Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ortaça 14 müň goşunynyň kemeldilmek ähtimallygy baradaky habarlar hakynda takyk bir zat aýtmady. Häzirki wagt bu goşun ýerli goşuna tälim we maslahat bermek boýunça NATO missiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Günbatar güýçleri 2001-nji ýylda “Talyban” topary häkimiýetden agdarylany bäri Owganystanda saklanyp galýar.

Tramp öz çykyşynda hindi premýer-ministri Narendra Modiniň Owganystanda ady aýdyňlaşdyrylmaýan kitaphanany maliýeleşdirmegini hem ýaňsa aldy.

Modi “maňa yzygiderli Owganystanda kitaphana gurdurandygyny aýdýar” diýip, Tramp belledi.

“Sen munuň nämedigini bilýärsiňmi? Bu biziň ol ýerde bäş sagat sarp edýän serişdämize barabar. Şeýle-de, biziň “Way, kitaphana üçin sagbol!” diýmegimize garaşylýar. Men ondan Owganystanda kimiň peýdalanýandygyny bilmeýärin” diýip, Tramp sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti özüniň Owganystandaky haýsy kitaphana barada gürrüň edýändigini takyklaşdyrmady.

Owganystan bilen Hindistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklar bar.

2017-nji ýylda “Brookings India” kompaniýasynda eden çykyşynda Owganystanyň Hindistandaky ilçisi Şaida Abdali 2011-nji ýyldan bäri Hindistanyň Owganystana 3 milliard amerikan dollaryndan gowrak maliýe goldawyny berendigini aýdyp, Nýu-Deliniň Kabulyň iň uly regional donorydygyny aýdypdy.

Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynly ýagdaýda bolup, Kabul we Waşington Pakistany Owganystanda operasiýalary amala aşyrýan gozgalaňçylary buky ýer bilen üpjün etmekde aýyplaýar. Yslamabat bu aýyplamalary ret edýär.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlaryň resmileri Russiýany Owganystandaky gozgalaňçylara ýardam bermekde aýyplaýar. Moskwa hem bu aýyplamalary ret edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG