Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegi soňky bäş ýylda 60 esse gymmatlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegi geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden hem köp gymmatlady. Geçen ýyl ýaşaýyş jaýyň 1 m2-i üçin 7 manat 40 teňňe töleg alnan bolsa, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bu töleg 16 manat 90 teňňä ýokarlandyryldy.

Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren aşgabatly habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, indi iki gün bäri paýtagtyň Parahat etrapçalaryndaky Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgärleri we köçeleriň arassaçylygyna gözegçilik edýän köçe süpürijiler öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylara töleg hatyny paýlaýarlar.

“Köpetdag etrabynyň ýaşaýyş jaýlaryny ulanyş tresti tarapyndan çykarylan töleg hatyny şäher edaralarynyň işgärleriniň özleri doldurypdyrlar. Ortaça 54 m2 jaýyň ýyllyk tölegi 2018-nji ýylda 400 manada barabardy. Şu ýyldan başlap bu töleg 893 manat 20 teňňe edildi. Bu tölegleriň ýaşaýyş jaý, ýyladyş we zir-zibilleri ýygnamak hyzmatlary üçin alynýandygy aýdylýar. Ýöne bu hyzmatlaryň her biri üçin anyk näçe tölegiň alynýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, ortaça 54 m2 jaýyň ýyllyk tölegi 2015-nji ýylda 15 manada, 2016-njy ýylda 145 manada, 2017-2018-nji ýyllarda ortaça 400 manada barabardy. Şu ýyldan başlap bu tölegiň tas 900 manada ýokarlandyrylandygyny nazara alanymyzda, bu ýaşaýyş jaý tölegleriniň 2015-nji ýyldan bäri 60 esse ýa-da 6000 prosent gymmatladylandygyny aňladýar.

Habarçynyň sözlerine görä, şäher edaralarynyň işgärleri ýaşaýjylara bu tölegi şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli tölemegi duýdurypdyrlar.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň ençemesi dekabr aýy üçin aýlyk haklarynyň aglaba böleginiň baýramçylyk dabaralary üçin sarp edilendigini we ýanwar aýy üçin zähmet haklarynyň hem fewralyň ortalarynda beriljekdigini aýdyp, köp maşgalalaryň bu tölegleri öz wagtynda töläp bilmejekdigini belleýär.

Galyberse-de, olar tölegleriň her ýyl yzygiderli gymmatladylýandygyny, ýöne ilata berilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulanmaýandygyny we jaýlardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigini aýdýarlar.

“Bu adamlary talamak bolýar, sebäbi jaýlar ýyladylanok. Dört otagly jaýyň bir otagy ýylasa, adamlar monça bolýarlar. Galan otaglary elektrik peçleri ýakyp, ýylatmaly bolýarys. Bu hem goşmaça çykdajy bolýar. Hususan-da, ýeňillikleriň ýatyrylyp, 1-nji ýanwardan toguň tölegli edilmegi bilen, bu ýyl tok üçin hem çykdajylaryň has ýokary bolmagyna garaşýarys. Sebäbi Türkmenistanda howa mart aýynyň ahyrynda maýlap başlaýar” diýip, Aşgabadyň Parahat-2 etrapçasynyň ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý töleginiň gymmatlamagy ýurtda dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň ýokarlanýan, azyk harytlarynyň gymmatçylygynyň we gytçylygynyň dowam edýän, ilata gazy, togy, suwy, nahar duzuny mugt we ýeňillikli bahadan bermek düzgüniniň ýatyrylan mahalyna gabat geldi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynyň 25-nde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýeňillikli hyzmatlary ýatyrmak baradaky karara ýaşulularyň köp sanly teklipleri esasynda gelendigini aýtdy we şol bir wagtda-da raýatlaryň girdejileriniň görnetin ýokarlanandygyny, her maşgala gazanç etmek, çagalaryny eklemek üçin mümkinçilik döredilendigini belledi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 800 manada barabardygyna ünsi çekip, bu aýdylanlaryň hakykata gabat gelmeýändigini nygtaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG