Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň tabşyrygyna garamazdan, aşgabatlylar ýyladyşsyz kösenýär


Parahat 7 etrapçasyndaky jaýlaryň birinde ýarylan turba bejerilýär. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Parahat 7 etrapçasyndaky jaýlaryň birinde ýarylan turba bejerilýär. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça mundan bir aý gowrak wagt öň beren tabşyrygyna garamazdan, Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň aglabasynda ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär.

“Indi iki hepde gowrak wagt bäri paýtagtyň Parahat-1,2,3,4 etrapçalaryndaky köp gatly jaýlarda ýyladyş ulgamlary gyzmaýar. Howanyň temperaturasy gijelerine 1-0 gradusa çenli ýetýän şu günlerde jaýlaryň içi buz ýaly” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Amanmyrat Bugaýew 27-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar ýyladyş ulgamlarynyň işlemeýändiginden şikaýat edip, Ýaşaýyş jaý müdirligine ýüzlenende, jogapkär resmiler “köp gatly jaýyň ýer zeminindäki dükan eýelerini tapaly, bökdençlikleri düzederis” diýip, jogap berýärler.

“Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işgärleriniň aýtmagyna görä, geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda we 90-njy ýyllarynyň başynda gurlan bu jaýlarda ýyladyş ulgamynyň bug aýlanyşygy talaba laýyk ýola goýulmandyr. Şol sebäpli bu jaýlardaky ýyladyş ulgamyny ýer zeminlerdäki kranlaryň suwuny açmak arkaly gyzdyryp bolýar. Ýöne bu çäre amala aşyrylanda-da jaýlaryň diňe demirgazyk bölegi gyzýar, ýagny otaglaryň ählisindäki ýyladyş ulgamy işlemeýär. Ýaşaýjylar şoňa hem razy, ýöne şu hem ýerine ýetirilmeýär” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, habarçy bu ýagdaýa paýtagtyň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 9-njy, 10-njy we 11-nji mikroraýonlarynda hem duş gelse bolýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol bu ýerdäki ýyladyş ulgamynyň merkezi jaýlarynyň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda gurlandygyny we şondan bäri olaryň täzelenmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

22-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimine ýyladyş desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamak hem-de halkara çäreleriň öňüsyrasynda Aşgabatda arassaçylygy berk gözegçilikde saklamak boýunça tabşyryk berdi.

Azatlygyň habarçysy 1-10-njy noýabr aralygynda paýtagtda geçen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty döwründe – howanyň temperaturasy 20-25 gradus maýyl bolanda – Parahat-1,2,3,4 etrapçalaryndaky köp gatly jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işländigini, ýöne halkara çäräniň tamamlanmagynyň edil yz ýany, ýyladyş üpjünçiliginiň gaýtadan kesilendigini belledi.

Türkmenistanda ýaşaýjylardan kommunal hyzmatlar, şol sanda ýyladyş ulgamy üçin her aýda 1 m2 meýdan üçin 10 teňňe töleg alynýar. Emma muňa garamazdan, häzirki wagt adamlar gaz ýa-da elektrik peçleri ýakyp jaýlary gyzdyrýarlar.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar 1-nji ýanwardan başlap ýeňillikli hyzmatlaryň ýatyrylmagy bilen, özleriniň iki – birinjiden, “kadaly işlemeýän” ýyladyş ulgamy üçin döwlete töleg tölemeli; ikinjiden, öýi gyzdyrmak üçin sarp ediljek elektrik togy ýa-da gaz üçin çykdajy etmeli boljakdyklaryny aýdýarlar.

Soňky ýyllarda türkmen prezidenti Berdimuhamedow ýurduň ýyladyş ulgamynyň üpjünçiligine birnäçe gezek nägilelik bildirdi we munuň bilen bagly döwlet resmileriniň birnäçesine käýinç yglan etdi.

Emma muňa garamazdan, energiýa resurslaryna baý Türkmenistanda gyş aýlarynda ýyladyş üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaý häli-şindi ýüze çykýar. Geçen ýylyň dekabr we şu ýylyň ýanwar aýlarynda Aşgabadyň merkezi etraplarynda ýaşaýyş jaýlar uzak wagtlap ýyladyşsyz galypdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginden kommentariýa almak başartmady.

XS
SM
MD
LG