Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran, Orsýet Kaspide bilelikde türgenleşik geçmegi planlaşdyrýar


Bendar Abbas porty, täze ulanmaga berlen harby gämi. 1-nji dekabr, 2018 ý. Arhiw suraty.

Orsýet we Eýran “ýakyn geljekde” Kaspi deňzinde harby-deňiz güýçleriniň bilelikdäki türgenleşik okuwlaryny geçirmegi planlaşdyrýar diýip, Eýranyň harby resmisi aýtdy.

Eýranyň “Mehr” habar gullugynyň 6-njy ýanwarda kontr-admiral Hossein Khanzadi sitirläp beren maglumatyna görä, iki ýurt “taktiki, halas ediş we garakçylyga garşy uruş oýunlaryny” geçirmegi planlaşdyrýar.

Şeýle-de Khanzadi “Kaspi ýakasyndaky ýurtlaryň ählisiniň” bu sebitde hazarýaka däl ýurtlaryň harbylarynyň bolmagyna garşy durýandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG