Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müňlerçe wenger täze zähmet kanunyna garşy protest bildirdi


Wenger protestçileri. Budapeşt, 5-nji ýanwar, 2019.

Wenger paýtagty Budapeştde müňlerçe adam köçelere çykyp, premýer-ministr Wiktor Orbanyň sag-ganat hökümetiniň goldaýan täze zähmet kanunyna garşy protest bildirdi.

Orban 20-nji dekabrda täze kanuna gol çekileli bäri gurnalan protestleri “şermendelik gykylygy” hökmünde häsiýetlendirdi we, subutnama getirmezden, dünýäniň beýleki ýerlerindäki sag-ganat liderlere mahsus bolan gylyga eýerip, olary wenger-amerikan liberaly Jorj Soros tarapyndan maliýeleşdirilmekde aýyplady.

5-nji ýanwarda oppozisiýa partiýalary, kärdeşler arkalaşyklary we raýat toparlary tarapyndan gurnalan ýygnanyşyga gatnaşanlar “Režimi süpürip taşla”, “Gulçulyk kanuny” diýen şygarlary göterip, parlament binasyna tarap ýöriş etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG