Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda möhletinden öň çykyp gidenleriň ornuna parlament saýlawlary geçiriler


Türkmenistanlylar parlament saýlawlarynda ses berýär, 25-nji mart, 2018. Arhiw suraty.
Türkmenistanlylar parlament saýlawlarynda ses berýär, 25-nji mart, 2018. Arhiw suraty.

31-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler diýip, TDH habar berýär.

Bu karara Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda gelindi.

Baş kanuna laýyklykda, Mejlis kanunlary kabul edýär, esasy kanuna düzedişleri we goşmaçalary girizýär, döwlet býujetini tassyklaýar, ählumumy sala salyşlyklary geçirmek meselesini çözýär, prezident we parlament saýlawlaryny belleýär.

Şol bir wagtda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl dikelden Halk maslahatynyň “döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça çözgütleri kabul edýän ýokary kanun çykaryjy gurama bolup durýandygyny” aýdýar.

Halk maslahaty 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda, Ýaşulular maslahatynyň soňky mejlisinde dikeldildi.

Başda Saparmyrat Nyýazow tarapyndan döredilen Halk maslahaty 2008-nji ýylda, Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň öz kanun çykaryjylyk ygtyýarlyklaryndan mahrum edilip, Ýaşulular maslahatyna öwrülipdi.

XS
SM
MD
LG