Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban jeňçileri günbatar Owganystanda 21 polisiýa ofiserini we hökümet milisiýa agzasyny öldürdiler


Badhyz görnüşi

Talyban jeňçileri günbatar Owganystandaky howpsuzlyk berkitmelerine zabt edip, 21 polisiýa ofiserini we hökümet milisiýa agzasyyny öldürdiler diýip, resmiler 7-nji ýanwarda aýtdy.

Bu hüjümler 6-njy ýanwarda giçlik, Türkmenistan bilen serhetleşýän Badhyz welaýatynyň aýry-aýary ýerlerindäki iki barlag nokadyna guraldy diýip, welaýat resmileri aýtdylar.

Badhyzyň welaýat geňeşiniň başlygy Abdul Aziz Bek 14 sany polisiýa ofiseriniň we hökümet milisiýasynyň 7 agzasynyň öldürilendigini, dokuz adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy.

Badhyz welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Jamşid Şahabi söweşde talyban jeňçileriniň azyndan 15-siniň öldürilendigini, 10 sanysynyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini “Talyban” öz boýnuna aldy.

Talybanyň sözçüsi Kari Ýusuf Ahmadi beýanat çap edip, jeňçileriň howpsuzlyk güýçleriniň we hökümet milisiýasynyň 34 agzasyny öldürendiklerini, köp möçberde ok-ýaragy ele geçirendiklerini aýtdy.

Talyban wekilleri we ABŞ resmileri şu aýda daşary ýurt güýçleriniň ýurtdan çykarylmagy we mümkin bolan ýaraşyk barada maslahatlaşmak üçin duşuşmagy planlaşdyrýarlar.

Şu aralykda, Paktika welaýatynda ýol ýakasynda ýarylan bomba asuda ilatdan 5 adamy öldürdi, 7 adamy ýaralady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG