Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi türme gözegçileriniň “ahlak argynlygyny” başdan geçirýändiklerini aýdýar


Moskwa, Butyrka türmesi
Moskwa, Butyrka türmesi

Orsýetdäki türme şertleriniň elhençiligi we ol ýerde adam gynamalarynyň gaýtalanmagy baradaky çekişmeler arasynda, jezalary ýerine ýetirmek boýunça federal gullugyň ýokary derejeli resmisi öz işgärleriniň pes aýlyk we tussaglar bilen gündelik duşuşyk, käte olaryň özlerine hüjüm etmegi netijesinde “ahlak argynlygyny” başdan geçirýändiklerini aýtdy.

Walery Maksimenko “Interfax” habar gullugy bilen söhbetdeşlikde öz edarasynda 3 müňden gowrak psihologyň işleýändigini, olaryň 350 çemesini türme goragçylary we beýleki türme işgärleri bilen işleşip, zerur bolan professional ýardamy bermäge çalyşýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Maksimenko soňky döwürde tussaglaryň türme sakçylaryna hüjüm etmekleriniň ýygjamlaşýandygyny, sebäbi türme gözegçileriniň bendilere garşy güýç ulamajak bolýandygyny aýtdy.

"Sebäbi, tussaglara garşy güýç ulanan türme gözegçileri ýarym ýyllap, hatda käte bir ýyllap derňewçileriň, prokurorlaryň, sudlaryň... soraglaryna jogap berip, özleriniň mamla bolandyklaryny subut etmeli bolýarlar, sebäbi olar jenaýat aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz durýarlar” diýip, Maksimenko aýtdy.

Maksimenko bir gün öň “Interfax” habar gullugyna jezalary ýerine ýetirmek baradaky edaranyň sowet döwrüniň ýakasy gaýyşly Gulag türme sistemasynyň mirasdüşeri däldigini, bu deňeşdirmäniň “nädogrydygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG