Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maşgalasyndan gaçan saudly zenana bäş gün içinde gaçybatalga berler


Rahaf Mohammed al-Kunun, Bangkok, 7-nji ýanwar, 2019
Rahaf Mohammed al-Kunun, Bangkok, 7-nji ýanwar, 2019

Maşgalasyndan gaçan saudly zenan Bankok aerportundan BMG-niň bosgunlar agentliginiň “howandarlygy astyna alyndy” diýip, taýland häkimiýetleri aýtdylar.

Taýlandyň immigrasiýa polisiýasynyň başlygy Suraçate Hakparn 7-nji ýanwarda BMG-niň Bosgunlar edarasynyň özüne Rahaf Mohammed al-Kununa “bäş gün içinde üçünji bir ýurtdan gaçybatalga berler” diýendigini aýtdy.

18 ýaşyndaky Alkunun Bankoga 5-nji ýanwarda Kuweýtden uçan uçarda geldi we öz maşgalasynyň süteminden gutulmak üçin Awstraliýadan gaçybatalga soramaga gitjek bolýandygyny aýtdy.

Ttaýlandyň immigrasiýa resmileri başda ony Kuweýte, maşgalasynyň ýanyna gaýtarmaga synanyşdylar.

Emma Alkunun maşgalasynyň özüni öldürmeginden gorkýandygyny, sebäbi yslamdan ýüz öwrendigini aýtdy. Alkununyň garyndaşlary onuň aýdýan zatlaryna hiç bir gaýtawul bermediler.

Ol aerport myhmanhanasynyň otagynda daşyna barrikada aýlap, sosial media arkaly halkara guramalaryndan kömek sorady.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň resmileri Hakparn we Alkunun bilen duşuşandan soň, onuň aeroportdan goýberilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy“Saud Arabystanyna, yzyna gitmäge mejbur edilse, Alkanunyň agyr ýagdaýa düşmek ähtimallygyny” duýdurdy.

XS
SM
MD
LG