Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Karagandada etniki dartgynlylyklar artýar


Karagandada geçen protest. 6-njy ýanwar, 2019 ý.
Karagandada geçen protest. 6-njy ýanwar, 2019 ý.

Gazagystanda Täze ýyl gijesi restoranlaryň birinde ýüze çykan ýakalaşykda bir gazak raýatynyň öldürilmeginden soň, adamlar “adalaty” talap edip, Karaganda şäherinde protest geçirdiler.

1-nji ýanwarda, biri etniki ermenilerden ybarat, ýaş ýigitleriň iki topary öz aralarynda uruşanlarynda, bir adam pyçaklanyp öldürildi. Ýakalaşygyň netijesinde pyçak bilen ýaralanan beýleki üç adam keselhana ýerleşdirildi.

6-njy ýanwarda demonstrantlar Karagandanyň ýerli polisiýa edarasynyň binasynyň daşynda ýygnanyp, bu hadysa boýunça içgin derňewiň geçirilmegini talap etdiler. Protestçileriň käbiri ermenileriň ýurtdan deportasiýa edilmegine hem çagyryş etdiler.

Ýerli häkim Erlan Koşanow protestçiler bilen duşuşyp, “ölüme sebäpkär bolanlaryň ählisiniň jezalandyryljakdygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG