Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “pristroýkalar” ýykyldy


Aşgabatda ýykylan goşmaça otaglar
Aşgabatda ýykylan goşmaça otaglar

Aşgabadyň Mahmyt Kaşgary köçesiniň ugrunda ýerleşýän hususy eýeçilikdäki ýaşaýyş jaýlaryna sepleşip gurlan goşmaça otaglar, garažlar we ammarlar ýumruldy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşiriň 8-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, il içinde “pristroýkalar” diýlip atlandyrylýan bu otaglary ýykmak çäresine mundan ortaça iki aý ozal başlandy.

“Bu otaglaryň ýykylmagy şäheriçi gatnaýan ulaglar üçin niýetlenen awtoduralganyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly. Bu ýerde şäher awtobuslaryndan başga-da, Abadana, Gökdepä, Änewe we Bäherdene gidýän taksiler we marşrutkalar hem ýerleşýär” diýlip, habarda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, mundan öň şu sebäpler bilen bu köçede ýaşaýyş jaýlary hem ýykyldy. Şonda ýaşaýjylaryň aglabasy jaý bilen üpjün edildi.

“Häzirki wagt adamlarda “pristroýkalary” gurmak boýunça resminamalaryň bardygyna garamazdan, olara kompensasiýa berilmedi” diýlip, habarda aýdylýar.

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabyna degişli 30-njy mikroraýondaky Mahmyt Kaşgary köçesinde we onuň günortasynda ýerleşýän birnäçe kiçi köçelerde goşmaça otaglary ýykmak çäresiniň amala aşyrylandygyny, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri hem tassyklaýar.

“Bu ýerdäki jaýlaryň aglabasy iki gatly, käbirleri üç ýa-da dört gatly jaýlardyr. Ýykylan “pristroýkalaryň” aglabasynyň gurluşyk zir-zibilleri äkidilipdir. Ýöne käbir ýerlerde üýşüp duran zibiller hem bar. Şeýle-de, otagy ýykylan jaýlaryň deň ýarysynyň diýen ýaly daşky diwary, suwagy suwalmandyr. Şol diwarlar betgelşik bolup, garalyp dur” diýip, habarçy 9-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryna sepleşdirilip gurlan goşmaça otaglary ýumurmak çäresi indi bäş ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri tarapyndan “bikanun gurlandygy sebäpli” diýlip, paýtagtda we ýurduň käbir welaýatlarynda, şol sanda Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde “pristroýkalaryň” müňlerçesi ýumruldy.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan emläk eýeleriniň aglabasy goşmaça gurluşyklar üçin özleriniň ençeme ýyllap resmi salgyt we jaý tölegini töläp gelendiklerini gürrüň berýärler.

“Biziň maşgalamyz ulalyp başlandan soň, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda etrap häkimligine arza ýazdyk. Şonda bize umumy ululygy 12-16 m2 meýdana barabar bolan otaglary gurmaga rugsat berdiler. Şondan bäri biz goşmaça otaglar üçin jaý töleglerimizi yzygiderli töläp gelýärdik. Ýöne mundan dört ýyl öň şol tölegleri almagy bes etdiler” diýip, 30-njy mikroraýonda “pristroýkasy” ýykylan ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdi.

Ýaşaýjy öz iki otagly jaýynyň umumy tutýan meýdanynyň 28 m2-a barabardygyny aýdyp, türmede-de adam başyna 4 m2 meýdan berilýändigini, ýöne öz maşgala agzalarynyň her birine şonça-da ýetmeýändigini belledi.

“Biziň kömek sorap ýazan arzalarymyza, häkimligiň işgärleri “Siz garaşyň. Umuman şu ýerdäki ýaşaýyş jaýlary “şäheri abadanlaşdyrmak programmasynyň” çäginde uzaga gitse 3-4 ýylyň dowamynda ýykyljak. Şonda bagtyňyz çüwüp, belkem size ulurak jaý beriler” diýip, jogap berdiler” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, raýatlara berilýän ýaşaýyş jaýynyň ölçegi her adam başyna on iki inedördül metrden ýa-da bir otagly ýaşaýyş jaýyndan az bolmaly däldir. Bu barada Türkmenistanyň “Ýaşaýyş jaý kodeksi” hakyndaky kanunynyň 70-nji maddasynda bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG