Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýaly kosmonawt kosmosdan Türkmenistana gutlag iberdi, türkmen metbugatynyň gutlagda çap eden suraty şübheli


Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasyndan türkmen halkyna we Türkmenistanyň prezidentine Täze ýyl gutlagyny iberdi. TDH

Türkmenistanyň döwlet habar agentliginiň (TDH) maglumatyna görä, russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko  älem giňişliginden türkmen halkyna we Türkmenistanyň prezidentine Täze ýyl mynasybetli gutlag iberdi.

Döwlet agentliginiň habar bilen bagly çap eden suratynda konsmonawt Halkara kosmos stansiýasynda türkmen baýdagy we türkmen prezidentiniň ýazandygy aýdylýan kitap bilen görkezilýär. Ýöne surat redaktorlary suratdaky baýdak bilen kitabyň Kononenkonyň gapdalyna soňundan goşulandygyny belleýär.

31-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasyndan türkmen halkyna we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Täze ýyl gutlagy barada habar berdi. Habarda hödürlenýän suratda kosmonawt “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby göterýär, öňünde älem gämisiniň diwaryna baglanan ýaşyl türkmen baýdagy görkezilýär.

“Milli liderimizi we ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlap, kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny goýmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny aýtdy” diýip, döwlet telewideniýesiniň alyp baryjysy aýdýar, hem-de ekranda Kononenkonyň kosmosda düşen suraty görkezilýär.

9-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy agzalýan suraty seljermek üçin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň suratlar boýunça redaktory Lusiý Steýnzowa sala saldy.

Ol suratyň üstünde işlenendiginiň görnüp durandygyny aýtdy, hem-de baýdakdaky detala ünsi çekdi.

Suratlaryň kebşirlenendigini ýa-da däldigini seljerýän fotoforensics.com saýty degişli suratyň detallarynda baýdagyň we kitabyň üstünde adaty bolmadyk goýy reňk görkezýär. Saýt baýdakly we kitaply kosmonawtyň TDH-da çap edilen suratynyň Adobe Photoshop CS6 programmasyny ulanmak arkaly döredilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy suratyň onlaýn seljermesi bilen bagly sosial mediada paýlaşylan suraty öz websahypasynda çap edýär.

Bu suratyň fotoforensics.com saýtyndaky onlaýn seljermesiniň sosial mediada paýlaşylan suraty baýdagy we kitaby başgaça görkeýär
Bu suratyň fotoforensics.com saýtyndaky onlaýn seljermesiniň sosial mediada paýlaşylan suraty baýdagy we kitaby başgaça görkeýär

1-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Farangiz Najibullah TDH-nyň türkmen prezidentiniň kitabyny göterip düşen kosmonawty görkezýän suratyny Twitterde paýlaşdy:

“Alem giňişliginiň kitaphanasyna täze goşuldy” diýip, Najibullah türkmen prezidentiniň “Beýik Ýüpek ýoly” barada ýazandygy aýdylýan kitaba ünsi çekýär.

“Al kaksyn! Bu Ýüpek ýoly barada [älem giňişligine] ugradylmaly kitap däldi…” diýip, Oksford uniwersitetiniň taryh professory, dünýä belli “The Silk Roads: A New History of the World ”, ýagny “Ýüpek ýollary: Dünýäniň täze taryhy” atly kitabyň awtory Peter Frankopan kinaýaly äheňde ýazýar.

“Bu meniň üçin 2019-y puç etdi. Meniň #Ýüpekýolumyň älem giňişliginden başga gidere ýeri ýokdy. Indi bolsa Gurbanguly B[erdimuhamedow] ol ýere menden öň bardy[...]” diýip, Ýüpek ýoly barada ýazylan kitaplaryň arasynda halkara “bestseller” derejesini gazanan kitabyň awtory Frankopan degişmeli äheňde ýazýar.

“Mir 24” kanaly kosmonawt Oleg Kononenkonyň dünýäniň ilatyna iberen Täze ýyl gutlagynyň wideosyny paýlaşdy. Galyberse-de, onuň beýleki tanymal şahsyýetlere älem giňişliginden iberen gutlaglarynyň wideo ýazgysy bar, ýöne onuň türkmen halkyny we prezidentine iberendigi aýdylýan gutlagyň wideo ýazgysy elýeterli däl.

9-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy Russiýanyň “Roskosmos” döwlet agentligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, russiýaly kosmonawtyň Türkmenistana ugradan Täze ýyl gutlagy bilen gyzyklandy.

Agentligiň jogapkär wekili golaýda türkmen resmileriniň özlerinden gutlag haýyş edip, habarlaşandygyny belledi.

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Kononenkonyň türkmen baýdagyny we prezidentiň kitabyny 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara kosmosa stansiýasyna ýany bilen alyp gidendigini belledi.

Kosmosa kitap ugratmak Türkmenistan üçin täzelik däl. Mundan ozal, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýazandygy aýdylýan "Ruhnama" kitabynyň bir nusgasy hem älem giňişligine ugradylypdy. Ýöne ol “Ruhnamanyň” heniz hem älem giňişliginde aýlanyp ýörendigi ýa-da däldigi barada bu günki gün maglumat ýok.

Türkmen metbugatynda çap edilýän suratlar barada aýdylanda, hususan-da prezident Berdimuhamedowyň metbugatda çap edilýän suratlarynyň “fotoşoplanýandygy”, ýagny kebşirlenip, onsoň çap edilýändigi aýdylýar.

Kosmos bilen Türkmenistanyň gatnaşygy barada aýdylanda, Türkmenistanda Milli kosmos agentligi hereket edýär. Türkmenistan 2015-nji ýylyň aprel aýynda özüniň “TürkmenÄlem” atly aragatnaşyk hemrasyny uçurdy.

Russiýaly astronawt Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Çärjew oblastynda dünýä indi. Ol Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany diýen adyň hem-de, Russiýanyň Kosmonawtika federasiýasynyň Ýuriý Gagarin medalynyň eýesidir. Ol häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda missiýa ýolbaşçylyk edýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG