Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýanyň premýer-ministri ýurduň adyny üýtgetmek taslamasyny goldamaga çagyrdy


Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaýew.
Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaýew.

Makedoniýaly kanunçykaryjylar ýurduň adyny Demirgazyk Makedoniýa diýip üýtgetmek boýunça möhüm çekeleşiklere başladylar. Munuň netijesinde, ýurduň goňşy Gresiýa bilen onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän konfliktine soň bermek, şeýle-de NATO we Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna ýol açmak maksat edinilýär.

9-njy ýanwarda başlanan debatlarda premýer-ministr Zoran Zaýew çykyş edip, kanunçykaryjylaryň ýurduň adyny üýtgetmek taslamasyny goldamaga çagyrdy.

“Bu taryhy we watançylyk ruhundaky bir netije bolar. Biz aýgytly ädimleri äden nesil bolup bileris” diýip, Zaýew belledi.

Eger-de parlament ýurduň adyny üýtgetmek netijesine gelse, onda Gresiýa Skopýeniň NATO we Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmek tagallalaryny böwetlemejekdigine söz berdi.

Zaýewiň çykyşyndan soň, parlamentiň mejlisi 10-njy ýanwara geçirildi. Çekeleşikleriň 11-nji ýanwara çenli dowam etjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG