Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban owgan howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 32 agzasyny öldürdi


Gunduzly kandidatlar protest bildirýär. 9-njy ýanwar, 2019 ý. Gunduz şäheri

Owganystanyň dört welaýatynyň resmileri “Talyban” jeňçleriniň 10-njy ýanwar güni irden barlag nokatlaryna garşy gurnan hüjümlerinde owgan howpsuzlyk güýçleriniň we hökümete tarapdar milisiýanyň azyndan 32 agzasynyň öldürilendigini aýdýarlar.

Hüjümler demirgazyk Owganystanyň Gunduz, Baghlan weTakhar welaýatlarynda, günbatardaky Badhyz welaýatynda guraldy.

Gunduz welaýatynyň Kala-e Zal etrabynyň häkimi Ahmad Fahim Karluk uly möçberdäki talyban jeňçileriniň gatnaşmagynda guralan hüjümlerde ir sagatlarda 10 esgeriň we polisiýa ofiseriniň öldürilendigini, 11 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Karluk bu söweşlerde talyban söweşijileriniň 25-niň öldürilendigini aýtdy.

Goňşulykdaky Baghlan we Takhar welaýatlarynda, ýerli resmileriň aýtmaklaryna görä, talyban hökümete tarapdar milisiýanyň 16 agzasyny öldürdi.

Olar talybanyň hem agyr ýitgi çekendigini aýtdylar.

Badhyz welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Jamşid Şahabi barlag nokatlarynda we beýleki howpsuzlyk berkitmelerinde howpsuzlyk güýçleriniň alty agzasynyň öldürilendigini, 10 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Talybanyň sözçüsi Zabihullah Mujahid hüjümleriň jogapkärçiligini boýun aldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG