Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan süýji önümçiligini ösdürýär, garaşsyz neşir 'göçürmeli däldigini' ýatladýar


"Almeni" Türkiýäniň “Ülker” kompaniýasynyň “Albeni” şokoladyny gaýtalaýar. "TH-nyň suraty
"Almeni" Türkiýäniň “Ülker” kompaniýasynyň “Albeni” şokoladyny gaýtalaýar. "TH-nyň suraty

Türkmenistan 2019-njy ýylda ýerli süýji-köke önümleriniň mukdarynyň 14 müň tonna golaý köpeldiljegini aýdýar.

Wise-premýer Çary Gylyjowyň 11-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda beren maglumatyna görä, 2018-nji ýylda ýurtda jemi 38 müň 324 tonna süýji-köke önümleri öndürilip, şolaryň 30 müň 423 tonnasy hususy kärhanalar tarapyndan çykaryldy.

TDH-nyň ýazmagyna görä,“Hasar”, “Oguzhan”, “Bars”, “Täze aý”, “Nygmat” ýaly meşhurlyk gazanan haryt belgili önümler daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar”. Şeýle-de neşir geçenýyl ýurda daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke önümleriniň möçberiniň iki essä golaý azalandygyny habar berýär.

Süýji-köke önümleriniň mukdaryny artdyrmak üçin Ahal welaýatynda täze üç kärhana gurmak, ozalky kärhanalary döwrebaplaşdyrmak planlaşdyrylýar. Täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegi bilen, süýji-köke önümleriniň önümçiliginiň ýylda 13 müň 800 tonna ýetmegine mümkinçilik berer diýip, habarda aýdylýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmen telewideniýesinde görkezilen süýji-köke gaplarynyň şekillerine salgylanyp, türkmen telekeçileriniň başga ýurtlarda öndürilen önümleri emelsiz gaýtalaýandygyna ünsi çekýär.

“Akpamyk” şokalady Orsýetiň “Krasnyý oktýabr” kompaniýasynyň “Alenka” şokoladyna çalymdaş, 2-li lezzet we Almeni bolsa, ABŞ-nyň “Mars” kompaniýasynyň “Twix” we Türkiýäniň “Ülker” kompaniýasynyň “Albeni” şokoladlaryny gaýtalaýar. “Köytendag” şokolady bolsa, Orsýetiň “Alpen Gold” şokoladyny ýatladýar” diýip, TH ýazýar.

XS
SM
MD
LG