Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeňçiler Hyratda öldürilmezlerinden öň bäş adamy öldürdiler


Eýrandan Owganystana dolanyp gelen hyratlylar. 2-nji ýanwar, 2018

Günbatar Owganystanda polisiýa stansiýasyna edilen hüjümde bäş adam öldürildi diýip, resmiler aýtdylar.

Hyrat welaýatynyň adybir paýtagtynda gurnalan hüjüm 12-nji ýanwarda, ýerli wagt bilen agşam sagat 6-da başlandy diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Jailani Farhad aýtdy.

Talybanyň sözçüsi Kari Ýosuf Ahmadi bu hüjüme öz toparynyň jogapkärdigini aýtdy.

Jailani iki sagada çeken atyşykda ölenleriň üç polisiýa ofiserinden, bir çagadan we ýene bir asuda adamdan ybaratdygyny aýtdy.

Hüjümçileriň üçüsi hem howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi diýip, welaýat polisiýasynyň komandiri Aminullah Amarkhil Azatlyk radiosyna aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG