Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada ýaşaýyş jaýynda gazyň partlamagy netijesinde azyndan bir adam öldi


Şahty şäherinde ýüze çykan hadysada binanyň ýokarky iki gatynda ýerleşen dört kwartira weýran boldy. 14-nji ýanwar.

Russiýanyň Rostow regionyndaky dokuz gatly bir jaýda dörän partlamada azyndan bir adam öldi. Bu barada Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi habar berdi.

Şahty şäherinde ýüze çykan hadysada binanyň ýokarky iki gatynda ýerleşen dört kwartira weýran boldy.

Ministrlik dört adamyň entek hem tapylmandygyny aýdýar.

TASS habar agentligi wakanyň ýüze çykan sebitinde gözleg, halas ediş işleriniň geçirilýändigini habar berýär.

Derňewçiler hadysanyň gazyň partlamagy netijesinde ýüze çykandygyny we bu iş boýunça degişli derňewiň başladylandygyny mälim etdiler.

Mundan öň, 31-nji dekabr güni Russiýanyň Magnitagorsk şäherinde hem şuňa meňžeş hadysa ýüze çykypdy. Uralyň günorta şäherinde bolan partlamada 39 adam ölüpdi. Derňewçiler partlama gazyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG