Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp “hiç haçan Russiýa üçin işlemändigini” aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “hiç haçan Russiýa üçin işlemändigini” aýdyp, özüniň rus prezidenti Wladimir Putin bilen ilteşiklerini sorag astyna alýan hasabatlary “uly ýagly ýalan” diýip atlandyrdy.

Trampyň Ak Tamdaky eden belliklerinden öň, has dogrusy geçen dynç günleri “The Washington Post” neşiri Trampyň Putin bilen geçiren gepleşikleriniň mazmuny boýunça doly, jikme-jik maglumatlary bermändigini aýdyp, makala çap edipdi.

“The New York Times” neşirinde çap bolan beýleki bir hasabatda bellenmegine görä, 2017-nji ýylda Trampyň Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) başlygyny wezipesinden çetleşdirmeginden soň, Býoro ABŞ-nyň prezidentiniň Russiýanyň bähbitlerini arap hereket edip-etmändigi dogrusynda derňewe başlapdyr.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Mueller Trampyň Russiýa bilen 2016-njy ýylda prezident saýlanmagyndan öňki gatnaşyklaryny seljerýär.

Tramp Derňewler boýunça Federal Býuronyň we ABŞ-nyň Adalat departamentiniň ozalky resmilerini “ýakasy gaýyşly deýýuslar” diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG