Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Kabuldaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Içeri işler ministrligi hüjümde üç harby we bir raýat işgäriniň ölendigini aýtdy.
Içeri işler ministrligi hüjümde üç harby we bir raýat işgäriniň ölendigini aýtdy.

“Talyban” Kabulda içi partladyjyly ulag bilen amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Daşary ýurtlylaryň binasynyň golaýynda amala aşyrylan partlamada azyndan dört adam öldi, başga-da 113-si ýaralandy. Bu barada ýurduň Saglyk ministrligi maglumat berýär.

Jeňçi toparynyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid dört söweşijiniň özlerini içi partladyjyly ýük ulaglarynda ýarandyklaryny we “köp sanly” daşary ýurtlylary öldürendiklerini aýtdy.

Içeri işler ministrligi hüjümde üç harby we bir raýat işgäriniň ölendigini, şeýle-de ýaralananlaryň arasynda 12 aýalyň we 23 çaganyň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG