Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlary ýaraglar hakyndaky şertnamalar ulgamyny sökmek synanyşygynda aýyplady we Moskwanyň Orta aralyk ýadro güýçleri (INF) şertnamasyny saklap galmak synanyşygyny dowam etdirýändigini aýtdy.
Lawrow 16-njy ýanwarda öz ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş edip, Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň örän dartgynlaşan wagtynda gaýta-gaýta Waşingtony tankytlady.
"Birleşen Ştatlar tarapyndan edilýän birtaraply hereketler, strategiki durnuklylygy üpjün edýänörän wajyp halkara hukuk gurallaryny sökmegi maksat edinmek bilen, optimizmi ýokarlandyrmaýar” diýip, Lawrow aýtdy.
Ol bu maksadyň bir gün ozal Ženewada INF şertnamasy hakynda geçirilen gepleşiklerde “örän aýdyň tassyk bolandygyny” aýtdy we Birleşen Ştatlaryň Orsýetiň Waşington tarapyndan 1987-nji ýyldaky ikitaraplaýyn şertnamany bozmakda aýyplanan raketa baradaky düşündirişini görmezlige salandygyny öňe sürdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo geçen aýda, eger-de Orsýet Waşingtonyň şertnamany bozýar diýýän ýaragyny sökmese, Waşingtonyň 60 gün içinde orta aralyga ýetýän raketalary çäklendirmek şertnamasyndan çykjakdygyny aýtdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi Ženewadaky gepleşiklerden soň Orsýet şertnamany “maddy taýdan bozmagy dowam etdirýär” we “özüniň kada sygmaýan raketa sistemasyny ýok etmeli” diýdi.
Lawrow Orsýetiň 9M729 raketasynyň şertnamany bozmaýandygy barada ozal aýdan sözlerini gaýtalady we “Biz orta aralyk ýadro güýçleri şertnamasyny halas etmek üçin işleşmäge şindi hem taýýar” diýdi.
Ol ýewropa ýurtlaryny Waşingtona täsir ýetirmekde kömege çagyrdy we olaryň bu meselede “çynlakaý bähbidiniň” bardygyny öňe sürdi.
INF – Orta aralyk ýadro güýçler şertnamasygury ýerden atylýan we 500-den 5500 km aralyga çenli ýetýän ganatly hem ballistik raketalary gadagan edýär.
Bu şertnama astynda Sowet Soýuzy we Birleşen Ştatlar tarapyndan, olaryň köpüsi Ýewropada, 2700-e golaý raketa ýok edildi.
Orsýet, eger Birleşen Ştatlar bu şertnamadan çyksa we şeýle raketalary Ýewropada ýerleşdirse, Moskwanyň hem muňa şeýle çäreleri görmek bilen jogap berjekdigini duýdurdy.
Şeýle-de Lawrow Moskwanyň 2010-njy ýyldaky Täze başlangyç şertnamasyny saklap galmak maslahatyny gaýtalady, bu şertnama ABŞ bilen Orsýetiň uzak aralyga ýetýän ýadro ýaraglaryny jylawlamak hakynda bolup, 2021-nji ýylda onuň möhleti gutarýar. Emma ol, iki tarapyň razylygy bilen, ýene bäş ýyl möhlete uzaldylyp bilinýär.
Soňky wagtda ýene bir mesele keserip çykdy, Lawrow Ýaponiýanyň, eger parahatçylykly çözgüt şertnamasynda ilerleme isleýän bolsa we Ýuwaş okeandaky dawaly dört adanyň ikisiniň Tokio degişli edilmeginde ylalaşyk gazanasy gelse, Ikinji Jahan urşunyň “netijelerini” ykrar etmelidigini aýtdy.
Ol Moskwanyň ultimatum bermeýändigini, ýöne bu pozisiýanyň talaba barabardygyny, Tokionyň Orsýet tarapyndan Günorta Kuril adalary, Ýaponiýa tarapyndan Demirgazyk territoriýalary diýilýän adalara Orsýetiň ygtyýarlydygyny boýun almalydygyny nygtady.
Lawrow Wladimir Putin 2004-nji ýylyň martynda ikinji möhlete prezident saýlanaly bäri daşary işler ministri bolup işleýär.
Ol ýanwarda, geçen ýylyň wakalaryny ara alyp maslahatlaşmak we geljek ýyldaky global, regional pozisiýalary, ikitaraplaýyn meselelerikesgitlemek üçin ýyllyk metbugat ýygnaklaryny geçirýär, emma bar bolan çäklerden çykmaga we, eger bolsa, birnäçe täze syýasy beýanat etmäge ýykgyn edýär.