Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook ýüzlerçe galp sahypalary, rus “Sputnigi” bilen ‘ilteşikli’ hasaplary öçürdi


Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki "Sputnik" habar agentliginiň logosy.
Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki "Sputnik" habar agentliginiň logosy.

Facebook sosial ulgamy özüniň Facebook we Instagram platformalarynda ozalky sowet giňişligindäki ulanyjylara ýalan maglumatlary ýaýradan ýüzlerçe sahypalary, toparlary we hasaplary öçürendigini mälim etdi.

“Russiýadan iş alyp baran iki toparyň üsti açyldy. Olaryň biri dürli ýurtlary nyşana alan bolsa, beýleki biri ünsüni gönümel Ukraina gönükdirdi” diýip, Facebook-yň kiberhowpsuzlyk syýasaty boýunça ýolbaşçysy Nathaniel Gleiçer (Nathaniel Gleicher) 17-nji ýanwarda beýanat bilen çykyş etdi.

Gleiçer iki toparyň arasynda nähilidir bir bagyň tapylmandygyny, emma olaryň ikisiniň hem “özleri we alyp barýan işleri baradaky maglumatlary ýaşyrmak üçin meňzeş taktikalary ulanandyklaryny” belledi.

Gleiçer bir toparyň 364 sahypasynyň we hasaplarynyň Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Sputnik” habar agentliginiň işgärlerine degişli bolandygyny aýtdy.

“Sputnigiň” Ermenistandaky şahamçasynyň Facebook-da ýerleşdiren maglumatyna görä, onuň rus dilindäki sahypasy petiklenipdir; şol sebäpli hem “rusça habarlar wagtlaýyn ermeni sahypasynda çap ediler”.

“Ermeni sahypamyzyň hem ýapylmak howpy nazarda tutulanda, biz sizden habarlarymyzy Telegram, Wkontakte, Twitter we beýleki platformalarymyz arkaly yzarlamagy soraýarys” diýip, “Sputnik” Facebook arkaly özüniň okyjylaryna ýüzlendi.

Döwletiň eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar gullugynda “Sputnigiň” başga bir beýanaty çap edilip, onda Facebook-yň hasaplary öçürmek kararynyň “syýasy matlaplara esaslanandygy” we “senzura” ýykgyn edendigi öňe sürüldi.

Gleiçeriň maglumatyna görä, özlerini garaşsyz habar çeşmeleri hökmünde häsiýetlendiren sahypalaryň eýeleri Baltik, Merkezi Aziýa, Kawkaz, Merkezi we Günorta Ýewropa ýurtlarynyň ulanyjylaryna NATO garşy, protest hereketleri ýaly maglumatlary paýlaşypdyrlar.

Munuň üsti bilen gürrüňi gidýän sebitlerde agzalalygy ornaşdyrmagyň maksat edilendigi nygtalýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän sosial ulgamy Ukrainada hereket eden toparyň “koordinirlenen galp hereketleri” sebäpli, Facebookdaky 107 sahypasynyň, toparynyň we hasabynyň, şeýle-de Instagramdaky 41 hasabynyň öçürilendigini mälim etdi.

Gleiçer bu hasaplaryň eýeleriniň aglabasynyň özlerini ukrainaly edip görkezip, galp sahypalaryň üsti bilen Ukraina barada oňaýsyz şol sanda, protestler, NATO we mekdeplerdäki saglyk ýagdaýlary ýaly habarlary paýlaşandyklaryny aýtdy.

“Biz ABŞ-nyň aralyk saýlawlarynyň öňüsyrasynda Russiýa bilen ilteşikli tehniki basyrmalaryň, şol sanda Internet Barlag Agentliginiň öňki ýüze çykarylan hereketlerine çalym edýän ýagdaýlaryň üstüni açdyk” diýip, Gleiçer aýtdy.

Düýbi Sankt-Peterburgda ýerleşýän, şeýle-de “trol fermasy” diýlip hem bilinýän Internet Barlag Agentliginiň Kreml bilen ilteşikli biznesmen Ýewgeniý Prigožin tarapyndan maliýeleşdirilýändigi aýdylýar. Prigožine, başga-da 12 adama fewral aýynda ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Mueller tarapyndan bank galplygy, dildüwşük we şahsy maglumatlaryň ogurlygy boýunça aýyplama bildirilipdi.

Geçen aý ABŞ-nyň Senatyna hödürlenen hasabatda bellenişi ýaly, Internet Barlag Agentligi galp hasaplaryň üsti bilen Facebook, Google we Twitter ýaly ulgamlarda ýalan maglumatlary ýaýradypdyr, ikirjiňligi güýçlendiripdir, şeýle-de ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda Donald Trampy goldap iş alyp barypdyr.

Soňky ýyllarda Facebook öz platformasynda paýlaşylýan ýalan habarlara, propoganda we esktremistik maglumatlara garşy ýeterlik derejede iş alyp barmaýandygy üçin tankytlanypdy.

Noýabrda ABŞ-da geçen aralyk saýlawlarynyň öňüsyrasy Facebook we Twitter Russiýa, Eýran we beýleki döwletler bilen ilteşikli täsir ýetirmek ugrunda iş alyp baran millionlarça postlary we hasaplary öçürdi.

XS
SM
MD
LG