Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" owgan parahatçylyk gepleşiklerini dikeltjegi baradaky habary ret etdi


Zalmaý Halylzad Yslamabada Pakistanyň premýer-ministri Imran Han, daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi we beýleki resmiler bilen duşuşdy.

“Talyban” özüniň Owganystandaky 17 ýyllyk urşy soňlamak üçin ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halylzad bilen gepleşikleri dikeltmäge taýýardygy barada çykan habarlary ret etdi.

Pakistan mediasy Yslamabatda Halylzad bilen uly derejeli pakistan resmileriniň, şol sanda premýer-minbistri Imran Hanyň arasynda 18-njy ýanwarda bolan duşuşyklaryň dowamynyň bolmak ähtimallygyny habar berdi.

Emma “Talyban” bu habary 19-njy ýanwarda ýalana çykardy.

"Biz Yslamabatda Zalmaý Halylzad bilen hiç bir duşuşygyň bolmajagyny açyk aýtmak isleýäris” diýip, “Talyban” hereketiniň sözçüsi Zabiullah Mujahidiň beýanatynda aýdylýar.

Halylzad Yslamabada 17-nji ýanwarda geldi we Pakistanyň premýer-ministri Imran Han, şeýle-de daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi we beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Tramp adminstrasiýasy Halylzady dört aý öň parahatçylygy gepleşmek boýunça ýörite wekil edip belledi.

Owganystanda doglan Halylzad ABŞ-nyň weteran diplomaty bolup, Jorj W. Buş döwründe Owganystanda, Yrakda we BMG-de ilçi bolup işledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG