Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda ýygnanan müňlerçe adam syýasy tussaglaryň azat edilmegine çagyrdy


Baku, protestçiler syýasy tussaglaryň azat edilmegine çagyrýarlar.

Müňlerçe adam Azerbaýjanyň paýtagtynda türmä basylan korrupsiýa tankytçysyny we beýleki syýasy tussag hasaplaýan adamlaryny azatlyga çykarmak talaby bilen proteste çykdy.

19-njy ýanwarda Bakuwda, häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berlen demonstrasiýa gatnaşyjylar prezident Ylham Alyýewiň hökümetinden meşhur blogçy Mehman Huseýnowy we beýleki birnäçe adamy azatlyga çykarmagy talap etdiler.

Polisiýa bu demonstrasiýa 2,800 çemesi adamyň gatnaşandygyny aýtdy, emma oppozisiýadaky guramaçylar oňa gatnaşanlaryň sanynyň 20 müň töweregi bolandygyny öňe sürdüler.

Bu ýygnanyşygy Demokratik güýçleriň milli geňeşi, oppozisiýa partiýalarynyň howandary gurady.

Howpsuzlyk güýçleri ýygnanyşyk mahalynda zorlukly hereketleriň bolmandygyny aýtdylar. Polisiýa, demonstrasiýa goşulmazlaryndan öň, oňa gatnaşyjylaryň ýaraglarynyň bardygyny ýa ýokdugyny barlady.

Protestçiler “Syýasy tussaglara azatlyk”,“Biz ýeňiş gazanarys” diýen ýaly şygarlary öňe sürdüler.

Bakuwdaky protestçiler
Bakuwdaky protestçiler

Demonstrasiýanyň soňunda syýasy tussaglaryň ählisiniň azat edilmegine, şeýle-de protest aksiýasynyň öňüsyrasynda saklanan aktiwistleriň azatlyga goýberilmegine çagyrýan karar kabul edildi.

Ýygnanyşygy gurnaýjylar polisiýa tarapyndan demonstrasiýanyň öňüsyrasynda 100 töweregi aktiwistiň tussag edilendigini, olaryň köpüsiniň şindi hem goýberilmändigini aýdýarlar.

Azerbaýjan resmileri ýurtda syýasy tussaglaryň bardygy hakynda aýdylýanlary ret edýärler.

Ýygnanyşykda çykyp gürlänler döwlet işgärleriniň arasynda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny aýdyp, bu ýagdaýy berk tankyt etdiler.

Oppozisiýadaky REAL partiýasynyň lideri, golaýda türmeden boşadylan Ilkar Mämmedow “Eger-de Azerbaýjan hakyky respublika bolsa, onda Azerbaýjanyň çynlakaý problemalarynyň [parlamentde] ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny" aýtdy.

Şeýle-de ol Azerbaýjanyň goňşulary Ermenistan bilen Gürjüstanyň soňky ýyllarda Azerbaýjana garanda has progressiw we kän demokratik bolandygyny öňe sürdi.

Protestçiler Mehman Huseýnowy beýleki syýasy tussaglary azat etmäge çagyrýarlar.
Protestçiler Mehman Huseýnowy beýleki syýasy tussaglary azat etmäge çagyrýarlar.

Geçen aýyň aýagynda, türmeden boşadylmagyna garaşylýan wagtynda täze aýyplama bilen nyşana alnaly bäri, Huseýnowyň azat edilmegi barada edilýän çagyryşlar Azerbaýjanyň içinde-de, daşynda-da ýygjamlaşdy.

Ol “häkimiýet wekillerine olaryň saglygyna we ömrüne wehim salýan görnüşde garşylyk görkezmekde” aýyplandy.

Huseýnowyň özi we beýleki birnäçe syýasy tussag protest hökmünde açlyk yglan etdi.

Huseýnow töhmet aýyplamasy esasynda iki ýyl türme möhletini geçirýär, goldawçylary onuň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini aýdýarlar. Ol başda polisiýa ofiserine şyltak atmakda aýyplanyp tussag edildi.

Şeýle-de, Huseýnowyň türmede mahalynda gynalandygy aýdylýar.

Hukuk toparlary we Günbatar hökümetleri Azerbaýjanyň häkimiýetlerini, başga pikirliligi we metbugat zatlygyny jylawlamak üçin, hökümet tarapyndan galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda türmä basylan syýasy tussaglary azat etmäge ýyllarboýy çagyryp gelýärler.

Nebit öndürýän we 10 milliona golaý ilatly öňki sowet respublikasyny 2003-nji ýyldan bäri demir ýumruk bilen dolandyrmakda aýyplanýan Alyýew bu tankyda baş galdyrmaýar. Ol häkimiýet başyna kakasynyň ýerine, ol ölmeziniň öň ýanynda geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG