Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” Owganystanyň gündogarynda adam pidaly hüjümleri amala aşyrdy


Owgan howpsuzlyk güýçleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Owganystanyň Maýdan Wardak welaýatynda “Talyban” jeňçileri bir harby berkitmä hüjüm etdiler.

“Talybanyň” metbugat wekili polisiýanyň türgenleşik merkezi bolup hem hyzmat edýän berktimä edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy.

Wardak welaýatynyň ýerli resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümde 20 töweregi adam heläk bolupdyr.

21-nji ýanwar güni ir sagat 07:00-da janyndan geçenleriň biri berkitmäniň girelgesiniň öňünde özüni partlatdy. Munundan soň, sany belli bolmadyk söweşijileriň topary hüjüme başlady.

Wardak welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili, janyndan geçen üç hüjümçiniň özüni partlatmanka atylyp öldürilendigini mälim etdi.

20-nji ýanwarda “Talyban” Logar welaýatynda häkimiň ulag kerwenine hüjüm edip, polisiýanyň sekiz ofiserini öldürdi, 10-syny hem ýaralady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG