Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Afinada protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Grek protestçisi polisiýa hüjüm edýär. 20-nji ýanwar

Gresiýada Makedoniýanyň adyny üýtgetmek boýunça ylalaşyga garşy çykyş edýän onlarça müň demonstrantyň gatnaşmagyndaky geçirilen ýörişiň dowamynda, Afinada parlament binasynyň öňünde protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy.

Demonsrantlaryň onlarçsysy polisiýa garşy daş böleklerini zyňdylar we feýwerkleri atdylar. Polisiýa göz ýaşardyjy gazy bilen jogap berdi.

Iýun aýynda grek premýer-ministri Aleksis Tsiprasyň we makedon premýer-ministri Zoran Zaýewiň hökümetleri ozalky Ýugoslawiýa döwletiniň adyny Demirgazyk Makedoniýa diýip üýtgetmek boýunça ylalaşyga gelipdiler. Munuň öwezine, Afina Skopýeniň NATO we Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmek tagallalaryny böwetmegini bes etjekdigini aýdypdy.

Grek kanunçykaryjylarynyň bu mesele boýunça debatlaryny 21-nji ýanwarda başlamagyna we şu hepdäniň aýagyna çenli ses bermeklerine garaşylýar.

Şu aýyň başynda, Makedoniýanyň parlamenti ýurduň adyny üýtgetmek boýunça konstitusiýa degişli düzedişleri girizmek boýunça taslamany oňlap, ses berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG