Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talyban” 65 owgan esgerini öldürdi


"Talyban" Maýdan Şahrdäki harby baza hüjüm etdi. 21-nji ýanwar.
"Talyban" Maýdan Şahrdäki harby baza hüjüm etdi. 21-nji ýanwar.

Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň paýtagt Kabulyň günbataryndaky harby baza eden hüjümi netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 65 gullukçy öldi.

“Talyban” 21-nji ýanwarda Maýdan Wardak welaýatynyň paýtagt şäheri Maýdan Şahre hüjüm etdi.

Resmileriň beren maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçileriň biri içi partladyjyly ulagy ýaranyndan soň, üç söweşiji bazanyň içine girip, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdyrlar.

Ok atyşykda hüjümçileriň üçüsi hem öldürildi. Hadysada 70 töweregi adamyň ýaralanandygy hem bellenilýär.

“Talybanyň” metbugat wekili hüjümi jeňçi toparynyň amala aşyrandygyny mälim etdi.

Soňky hüjüm ABŞ-nyň Owganystandaky dowam edýän 17 ýyllyk urşy gepleşikleriň üsti bilen tamamlamak ugrunda alyp barýan tagallalaryna garamazdan hem amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG