Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘20 ýyllap garaşan jaýymyzy ýokary hünärli işgärlere berdiler’


Türkmenistanda köçäniň gyrasynda oturan zenanlar. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanda köçäniň gyrasynda oturan zenanlar. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş pudagynda işleýän işgärleriň ençemesi özleriniň 20 ýyllap garaşan jaýlarynyň berilmegine iki aý galanda, olaryň ýokary hünärli başga raýatlara gowşurylandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan şepagat uýalarynyň we saglyk pudagynda işleýän tam süpürijileriň, aşpezleriň ençemesi döwlet tarapyndan uzak möhletli kredit, karz pul esasynda jaý almak boýunça özleriniň 1997-nji ýylda welaýat häkimliginiň Saglygy saklaýyş bölümine arza tabşyrandygyny gürrüň berdi.

“Biziň şol arzalarymyz 2000-nji ýylda kabul edildi. Şonda bize jaýyň beriljekdigi hakynda ýörite resminama berdiler. Şol resminamada şäheriň ozalky “Dünýä bazarynyň” töwereginde saglygy saklaýyş pudagynyň işgärleri üçin niýetlenip gurulan ýaşaýyş jaý toplumyndan bize jaý beriljekdigi aýdyldy. Ýöne bu jaýlar 2018-nji ýylyň bahar aýlarynyň ortalarynda ulanyşa berilmezden iki aý öň, welaýatyň saglygy saklaýyş bölüminiň resmileri bizden jaýyň beriljekdigi baradaky resminamalary yzyna aldylar” diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki keselhanalaryň birinde şepagat uýasy bolup işleýän işgärleriň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän saglyk işgärleriniň şahsyýeti, şeýle-de özleriniň ýazan arzalarynyň we özlerine berlen resminamanyň nusgalary barada doly maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Lebabyň saglygy saklaýyş pudagynda işleýän işgärleriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, welaýatyň saglygy saklaýyş pudagynyň resmileri özlerine wada berlen jaýyň berilmezliginiň sebäplerini “ozaly bilen ýokary hünärli lukmanlary jaý bilen üpjün etmek barada özlerinde görkezmäniň bardygy” bilen dil üsti bilen düşündiripdirler. Ýöne bu barada resmi düşündiriş bermändirler.

“Jaý alan saglyk işgärleriniň, şol sanda lukmanlaryň tas ählisi diýen ýaly öňden hem ýaşaýyş jaýy bar bolan adamlardy. Olaryň Türkmenabat şäherinde iki ýa-da üç otagly jaýlary bar. Häzir olar öňki jaýlaryny kireýine berip, täze jaýlarda ýaşaýarlar” diýip, saglyk işgäri belledi.

Galyberse-de, ol saglyk işgärleriniň ruhy lapykeçlige uçramakdan başga-da, maddy zyýan çekendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Biz jaýlary satyn almak üçin bankdan 30 ýyl möhlet bilen ortaça 150 müň manat kredit aldyk. Ýöne jaýlary alyp, täze öýümize göçermize iki aý galanda, jaýlaryň berilmejekdigi aýdylandan soň, şol krediti banka yzyna tabşyrmaly bolduk. Şonda bank işgärleri bize “iki aýlyk edilen hyzmat üçin” diýip, ýörite töleg aldy. Biz hem jaýsyz galdyk, hem-de elimizdäki barja puldan dyndyk” diýip, lebaply saglyk işgärleri aýtdy.

Mundanam başga, ol özlerine wagtlaýynça başga kommunal jaýlaryň hem berilmändigini, saglyk işgärleriniň käbiriniň heniz hem şäherde kireýine jaý alyp ýaşaýandygyny, käbiriniň bolsa obadan işe gatnaýandygyny belledi.

Iki onýyllykdan hem köp wagt bäri jaýa garaşýan saglyk işgärleriniň sözlerine görä, öz hukuklaryny talap edip, işgärleriň ençemesi Lebap welaýat häkiminiň saglygy saklaýyş we hukuk işleri boýunça orunbasarlaryna ýüzlenip, häzirki güne çenli oňyn jogap alyp bilmeýär. Muňa derek, bu mesele bilen jikme-jik gyzyklanýan käbir işgärler hiç hili düşündiriş berilmezden işinden boşadylýar.

“Lebaply iki saglyk işgärleri bu barada welaýatyň saglygy saklaýyş bölüminiň üstünden prokuratura arz-şikaýat bilen ýüzlendi . Ýöne olaryň meselesine garalmagyň deregine, olar işden kowuldy” diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Lebap welaýatynyň Saglygy saklaýyş müdirligi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyş dabaralary barada köpçülige ýygy-ýygydan maglumatlar ýetirilýär. Ýöne şol habarlarda jaýlary satyn almagyň şertleri we jaýlaryň tölegleri barada maglumatlar agzalmaýar.

XS
SM
MD
LG