Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda we Lebapda täze jaýlar açylýar, Daşoguzda olaryň 400-si boş dur


Daşoguzda 400-e golaý kottej jaý boş dur
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:19 0:00

Daşoguzda 400-e golaý kottej jaý boş dur

Türkmenistanyň resmi mediasy Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň açylyş dabarasynyň bolandygy barada habar berýän mahaly, ýurtda öňden bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň boş durandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran Daşoguzdaky habarçymyz welaýatyň Saparmyrat Nyýazow etrabynda gurlup, satuwa çykarylan 400 sany kottej jaýyň tas ählisiniň diýen ýaly boş durandygyny aýdyp, bu toplumyň ýerleşýän etrapçasyny “baýguşlaryň ketegine” meňzedýär.

“Bu baýguşlar üçin gurlan oba. Bu ýerde 400 sany kottej jaý bar, ýöne häzire çenli olaryň diňe 20 sanysyny raýatlar satyn aldy. Galan 380 jaý baýguşlaryň ketegi bolup, boş dur. Bu ýerde gurluşyklary tamamlanmadyk başga-da jaýlar köp” diýip, habarçymyz aýdýar.

Habarçymyz jaýlaryň boş durmagynyň, has takygy raýatlar tarapyndan satyn alynmazlygynyň sebäplerini kottejleriň bahasynyň ilatyň maddy elýeterinden aşa gymmatlygy bilen düşündirýär.

“Kottej jaýlaryň nyrhy 500 müň manat. Bu döwletiň kesgitlän kursuna görä, 145 müň amerikan dollaryna golaý bolýar. Gara bazaryň nyrhynda 26 müň dollardan gowrak bolýar. Öň jaýlary ipoteka esasynda 15 ýyla çenli üzüşmek şerti bilen satýardylar. Ýöne häzir bu möhlet dört ýyl edildi. Adamlarda dört ýyl däl, hatda 15 ýylda üzüşmäge-de ýagdaý ýok” diýip, habarçymyz sözüni jemledi.

Munuň bilen bir wagtda, türkmen häkimiýetleri Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki ýerlerinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, täze döwrebap şäherçeleriň yzygiderli gurulýandygyny habar berýärler.

19-njy sentýabrda Aşgabadyň günorta bölegindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze köp gatly jaýlaryň ikisiniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) bu jaýlaryň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda aşgabatlylara ajaýyp sowgat bolandygyny aýdyp, jaý eýeleriniň 144-sine öý açarlarynyň gowşurylandygyny habar berdi.

Şeýle-de, çarşenbe güni Lebap welaýatynyň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat täze ýaşaýyş toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Olaryň her birinde dört we üç otagly öýleriň 24-si bar.

Resmi medianyň habarynda ulanylmaga berlen ýa-da satuwa çykarylan bu täze jaýlaryň bahasy ýa-da maliýe çeşmesi aýdylmaýar. Şeýle-de, köplenç türkmen lideriniň gatnaşmagynda uly şowhun bilen açylýan bu ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyş dabarasyndan soň çolaryp galýandygyny hem ýurt içinden gelip gowuşýan wideolarda görse bolýar.

"Bereketli zaman": öň we soň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:21 0:00

Galyberse-de, Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda soňky ýyllarda gurlan we uzak möhletli kredit esasynda ilata berlen ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleriniň bir topary aýlyk gazançlary beýle gymmat bahaly jaýlaryň ipoteka töleglerine ýeterden juda azdygy sebäpli, jaý tölegini töläp bilmän, alada galýarlar. Hatda soňky aýlarda bu jaýlary yzyna tabşyrmaga synanyşýanlaryň bardygy hem habar berilýär.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän Zelili geňeşligindäki “Berkarar zaman” obasynyň Azatlyk Radiosy bilen anonim görnüşde habarlaşan onlarça ýaşaýjysy güzeranyny aýlamakda kynçylyk çekýän käbir maşgalalaryň jaý töleglerine gurby çatman, jaýlaryny yzyna tabşyryp, başga ýere göçmäge mejbur bolýandygyny, mundan bir hepde çemesi öň gürrüň berdi.

Ekspertleriň pikirine görä, Türkmenistan soňky ýyllarda garaşsyzlyk döwründäki iň agyr ykdysady kynçylygyny başdan geçirýär. Olar täze gurlan jaýlaryň boş durmagynyň we jaý eýeleriniň öz kreditlerini töläp bilmän, jaýlaryny yzyna tabşyrmagynyň hem ýurtdaky ykdysady krizisiň alamatlarynyň biridigini aýdýarlar.

Halkara walýuta fondunyň ekspertleri geçen ýyl Aşgabatda bolup, türkmen hökümetine döwlet inwestisiýalarynyň azaldylmagyny maslahat berdiler. Emma muňa garamazdan, döwlet baştutany golaýda ýene birnäçe gymmat bahaly myhmanhananyň, kongres zalynyň we beýleki kaşaň desgalaryň guruljakdygyny habar berdi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG