Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi


Ýuliýa Timoşenko
Ýuliýa Timoşenko

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko 31-nji martda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynda dalaş etjekdigini resmi ýagdaýda yglan etdi.

“Beýik ýurt – bu meniň maksadym. Men bu ýolumdan ýekeje-de ädim yza tesmerin” diýip, Timoşenko özüniň oppozisiýadaky Batkiwşçyna (Ata-Watan) partiýasynyň Kiýewdäki mejlisinde çykyş etdi.

58 ýaşly Timoşenko soňky 20 ýyl bäri Ukrainanyň syýasy durmuşyndaky iň meşhur oýunçylaryň biri bolupdy.

Ol 2004-nji ýylda, soňra prezident saýlanan Wiktor Ýuşçenko bilen, “mämişi” rewolýusiýanyň liderleri bolupdylar. Ýuşenkonyň ýeňişinden soň, Timoşenko premýer-ministr wezipesine bellenipdi. Emma, aradan dokuz aý geçenden soň, ol prezident bilen dawalary sebäpli wezipesinden boşadylypdy.

Timoşenko 2007-2010-njy ýyllar aralygynda ýene-de premýer-ministr wezipesinde işledi.

Ol 2010-njy ýylda ilkinji gezek prezidentlige dalaş etdi, emma şonda Russiýa dostlukly garan Wiktor Ýanukowiçden ýeňildi.

Ýanukowiçiň häkimiýeti döwri, has dogrusy 2011-nji ýylda ol korrupsiýa aýyplamalary sebäpli ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. 2014-nji ýylda, haçanda korrupsiýa garşy protestleriň netijesinde Ýanukowiç häkimiýetden çetleşdirilinden soň, ol azatlyga goýberildi.

Şol ýylyň özünde ol ikinji gezek prezidentlige dalaş etdi. Emma, şol saýlawlarda Petro Poroşenko ýeňiş gazanmagy başardy. Poroşenkonyň hem nobatdaky prezidentlik saýlawlarynda dalaş etjekdigine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG