Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 2018-nji ýylda käbir etrap ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini aýdyp, kadr çalşygyny geçirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen prezidenti bäş günüň dowamynda üçünji gezek hökümet maslahatyny geçirip, geçen ýyl welaýatlaryň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň ýaramaz işländigini aýtdy we etrap häkimleriniň, orunbasarlarynyň ençemesini wezipesinden boşatdy.

21-nji ýanwarda “sanly wideoaragatnaşyk arkaly” diýlip geçirilen iş maslahatynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 10-dan gowrak etrap häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy ýa-da başga wezipä belledi.

Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň maglumatyna görä, prezident 2018-nji ýylda käbir etrap häkimleriniň welaýatlarda Oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändigini, oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem üstünlik gazanmagy başarmandygyny we başga-da köp kemçiliklere ýol berendigini aýtdy.

Türkmen lideri “işde goýberen kemçilikleri üçin” Gylyjow Baýmyrat Nazlyýewiçi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Serdar Sähetgulyýewiç Meredow bellendi we ol Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

“Hormatly prezidentimiz Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi wezipesine Durdymuhammet Geldiýewiç Myradowy belledi. Döwlet baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin Saparow Ýazly Gaýlyýewiç hem S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Sapargeldi Narbaýewiç Orunbaýewi belledi” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, prezident Gurbangül Kakalyýewna Ataýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýat häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda karara gol çekdi. Ýöne habarda Ataýewanyň haýsy işe geçendigi aýdyňlaşdyrylmady.

Ataýewadan tapawutlylykda, Maýagul Annamyradowna Nurmyradowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Munuň sebäpleri hem aýdyňlaşdyrylman, bu wezipä Maral Rejepmyradowna Durdyýewa bellenildi.

Türkmen prezidentiniň nobatdaky kadr çalyşmalaryndan diňe welaýatlaryň däl, eýse paýtagtyň käbir häkimleri hem “öz paýyny” aldy. “Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy” üçin, Orazmämmedow Arslan Baýrammämmedowiç Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden, Begenç Baýramdurdyýew Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hökümet maslahatynyň barşynda Berdimuhamedow “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary Rahman Wezirowy hem eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Bu waka etrapda uruş gahrymany Pena Rejebowyň adynyň köçä dakylmagy bilen baglanyşykly şäher geňeşi bilen etrap häkimliginiň arasynda gapma-garşylygyň dörändigi barada Azatlyk Radiosynda çap edilen maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi. Ýöne Azatlyk Radiosyna Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasarynyň wezipeden boşadylmagynyň bu waka bilen arabaglanyşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak häzirlikçe başartmady.

Türkmen lideriniň 2018-nji ýylda ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylan işlere nägilelik bildirip, welaýatlarda, şol sanda paýtagtda geçiren kadr çalşygy Türkmenistanyň indi tapgyr ikinji ýyl döwlet tarapyndan planlaşdyrylan galla hasylyny dolup bilmän, onuň netijeleri barada anyk sanlary mälim etmezliginiň yz ýanyna gabat geldi.

Resmi metbugatda geçen ýylyň iýul aýynyň ahyrynda tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça diňe töwerekläp, bugdaý meýdanlaryndan “1 milliondan gowrak hasyl ýygnaldy” diýildi. 2017-nji ýylda hem, türkmen daýhanlary döwlet tarapyndan planlaşdyrylan 1 million 600 müň tonna bugdaýa derek million tonna bugdaý hasylyny aldylar.

Beýleki bir tarapdan, türkmen metbugaty 2018-nji ýyl üçin 1 million 50 müň tonna diýlip kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň artygy bilen berjaý edilendigini habar berdi.

Ýöne şol bir wagtda-da, ýurduň döwlet dükanlarynda un, çörek, şeker we pagta çigidinden öndürilýän “Ahal” ösümlik ýagy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygy indi bir ýyldan gowrak bäri dowam edýär.

Soňky aýlarda türkmen prezidenti ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan käbir işler boýunça birnäçe gezek nägileligini bildirip, ençeme gezek kadr çalyşmalaryny amala aşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG