Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen studentlerinden öýlerine uçarda, otluda ýa-da awtobusda gitmek talap edilýär


Türkmen studentleri

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary studentlerden gyşky kanikullary döwründe öýlerine uçarda, otluda ýa-da döwlet eýeçiligindäki awtobuslarda gitmegi talap edýärler. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda çagalary okaýan ene-atalar Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna habar berdiler.

Maglumat üçin aýtsak, 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda 1-nji semesteriň jemleri boýunça gyşky synaglar tamamlanýar. Şondan soňra studentlere 12 günlük gyş kanikuly berilýär.

“22-nji ýanwarda giçlik ÝOJ-laryň ýolbaşçylary studentlere 25-nji ýanwarda öz öýlerine gaýdyp biljekdigini aýtdylar. Ýöne olar studentlere diňe uçarda, otluda ýa-da döwlet kärhanasynyň awtobusynda gidip bilýändigini duýdurdylar. Şeýle-de, olara yzyna gaýdyp gelende, öz biletleriniň nusgasyny dekanatlyga tabşyrmalydyklaryny hem berk duýdurdylar. Studentlere hususy takside ýa-da awtobusda gitmek gadagan” diýip, çagasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýan ene-atalaryň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

ÝOJ-laryň ýolbaşçylarynyň ene-atalara beren maglumatyna görä, bu talap studentler hususy eýeçilikdäki taksilerde öýlerine dolananda iki-ýeke ýüze çykan “ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak” bilen baglanyşykly. Ýokary okuw jaýlaryň resmileri gürrüňi edilýän “ýaramaz ýagdaýlary gyzlara azar berilmegi” ýaly wakalar diýip düşündirýärler.

Azatlygyň habarçysynyň 23-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, paýtagtdaky we welaýatlardaky ýokary okuw jaýlaryň ýolbaşçylarynyň eden bu bildirişinden soňra ýurtda uçar, otly we awtobus biletleriniň gytçylygy, gymmatçylygy emele geldi we onuň para-peşgeş esasynda satuwy möwjedi.

“Öýlerine gaýtjak studentler kän, ýöne uçar, otly we awtobus gatnawlarynyň sany çäkli. Şol sebäpden şu ýagdaýdan peýdalanyp, demirýol ýolagçy stansiýalarynyň we “Türkmenhowaýollary” gullugynyň bilet satýan kassalarynyň işgärleri ozal hem döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasyndan köplenç gymmat satylýan biletleri has-da gymmatdan satýarlar. Kassa baryp bilet aljak bolsaň, bilet ýok diýýärler. Ýöne tanyş-bilişleriň üsti bilen sorasaň, onda hakyky bahasynyň üstüne azyndan ýene-de 50% bermegi talap edýärler. Ýöne şony hem tapmak kyn” diýip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýan studentleriň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlar dogrusynda Aşgabadyň demirýol ýolagçy stansiýasyndan we “Türkmenhowaýollary” gullugyndan kommentariýa almak başartmady.

Ene-atalaryň ençemesi studentleriň gyşky kanikullary döwründe hereket etmek mümkinçiligine dürli çäklendirmeleriň girizilýändigini, ýöne olaryň öýlerine öz wagtynda dolanmagy üçin türkmen häkimiýetleriň tagalla etmeýändigini aýdyp, nägile bolýarlar.

“Häzir döwlet eýeçiligindäki awtobuslar ýa-da otlular welaýatlaryň administratiw merkezlerine günde diňe bir gezek hereket edýär. Uçar gatnawlary hem çäkli. Her ýylyň ýanwar aýynyň 25-i töweregi studentleriň gyşky kanikullarynyň başlanýandygyny hemme kim bilýär. Gatnawlar köpeldilip, ýeňillik dörediläýmeli welin, gynansakda bu edilmeýär. Oňa derek gadagançylyklaryň üstüne täzeleri goşulýar” diýip, daşoguzly ene-atalaryň biri aýtdy.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan studentlerden edilýän bu talap indi birnäçe ýyl bäri gaýtalanýar. Bu talaby berjaý etmedik studentlere dürli çäreler görülýär. Olaryň arasynda studentleriň bahalarynyň kemeldilmegi, olara duýduryş berilmegi ýa-da olaryň okuwdan çykarylmagy ýaly çäreler bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG