Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aýdym-saz sungaty: Aýdymçy "bolçulygynda" aýdym "gytçylygy"


Saz notalary. Illýustrasiýa suraty.

Bu makalada Türkmenistanda aýdym-saz sungaty bilen syýasatyň arasyndaky gatnaşyk barada gürrüň edilýär.

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda ýurt boýunça geçiriljek çäreleriň planyny tassyklady. Türkmen metbugatyndan mälim bolşuna görä, göz öňünde tutulýan çäreler Türkmenistanda gazanylandygy aýdylýan üstünlükleri, ýetilendigi aýdylýan sepgitleri we halkyň bagtyýardygy aýdylýan durmuşyny wagyz etmegi maksat edinýär.

Ýurduň Medeniýet ministrligine we beýleki degişli pudaklara bu çäreleri guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda beýleki medeniýet we sungat işgärleri bilen bir hatarda aýdymçy-sazandalar syýasata gulluk edýär, şol sebäpden ýurtda sungat we döredijilik basmagalyplygyň pidasy bolýar, ol kütelýär.

Türkmen aýdym-saz sungaty: Aýdymçy "bolçulygynda" aýdym "gytçylygy"
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:01 0:00

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew 25-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Türkmenistanda sungat bilen syýasatyň arasyndaky gatnaşygy şeýle düşündirdi:

“Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, sungat umuman özüniň sungat diýen mazmunyny kem-kemden ýitirip başlady. Ol sungat däl-de eýsem bir ýöredilýän döwlet syýasatynyň bir görnüşine öwrüldi” diýip, Bugaýew aýtdy.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew 25-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna telefon arkaly Amsterdamdan beren gürrüňinde Türkmenistanda aýdym-saz sungatynyň syýasata gulluk edýändigini şeýle düşündirdi:

[Türkmenistanda] sungat bilen syýasatyň gatnaşygy örän ýakyn. Eger-de syýasaty öwmeseň, prezidenti öwmeseň, onda döredijilik ulgamyna çykmak gaty kyn bolar. Bolmazam. Sebäbi aýdym-saz sungaty hökümet tarapyndan berk seredilýär. Häzirki baştutanynyň alyp barýan syýasatyny öwmeseň, hiç-hili telewideniýe ýa-da radio kanallarynda seniň aýdymlaryňy aýtdyrmazlar. Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda däbe öwrüldi şu ýagdaý” diýip, Mätiýew aýtdy.

Aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda aýdymçylar we bagşylar bilen bagly garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurtda däp bolan bir tejribäni gürrüň berdi:

“Belli-belli adamlar öňe çykarylýardy. Ýaňy bir 3-4 aýdymy aýdyp aýtmadyga iň hormatly atlar dakylýardy, yzyndan-da sähel wagt geçmänkä-de, şol uly abraýdan peýdalanýanlara, radio efirini tele ekrany yzygiderli eýeleýänlere ol ýa-da beýleki bir ýagdaý bilen baglylykda gara günä ýöňkeýärdiler hem-de şolaryň çykyşlar doly gadaganlyga düşýärdi” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Aýdym-sazyň sarpasy

Türkmenler aýdym-saz sungatyna aýratyn sarpa goýýar. Ir döwürlerden bäri bagşyçylyga Hudaý tarapyn berlen tebigy ukyp-başarnyk hökmünde baha berýär. Oba ýerlerine bagşy baranda goňşy-golam üýşüp olary diňlärdi, bagşylar hem daňa çenli halynyň üstünde aýdymdyr dessan aýdyp adamlaryň ruhuny galkyndyrýardy. Hatda türkmenleriň arasynda aýdym-owaz bilen kesel açýandygyna ynanylan bagşylara ýykylanlar hem bolupdyr. Bagşylar halk döredijiliginiň, folklor eserleriniň hem dilden-dile geçip saklanyp galmagyna şert döredipdirler.

Wagtyň geçmegi bilen dutar-gyjakly bagşylaryň ornuny, halk dilindäki ilkibaşdaky ady bilen tutulanda, “dikdurma bagşylar” alyp başlaýar. Ilki dörän ýyllarynda dikdurma bagşylar dutar-gyjakly bagşylar ýaly halynyň üstünde çök düşüp aýdyp aýtman, eýsem, dik durup mikrofon bilen aýdym aýdansoň estrada aýdymçylar şeýle atlandyrylýar.

Ýöne wagtyň geçmegi bilen olaryň sany juda köpelip başlaýar. Özem juda köpelýär. Aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýy şeýle düşündirdi:

“Häzir dogrudan-da şeýleleýin durmuşa syn edýärsiň welin, Türkmenistanda aýdaly, men muny şertli ýagdaýda aýdýaryn, 10 adam bar bolsa şol 10 adamyň ikisä şahyr-ýazyjy, üçüsi-dördüsi hem bagşy sazanda galýan iki-üç sany adam bular hem sport türgenleri, ýene gaýrylar ýa-da bolmasa ol ýa-da beýleki wezipäni eýeleýänler. Onsoň hopukýaň! Önümçilikde kim işleýärkä!? Hemmämiz aýdym aýdyp saz çalyp, goşgy üstüne goşy düzüp, gidip otyrys, ýazyjy boljak bolup, alym boljak bolup... Türkmende bir köneden gelýän söz bar, “ene gezer gyz gezer, garyp çatmam kim bezär!?” diýilýär” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmen aýdym-sazynyň gysga geçmişi...

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ýakyn geçmişi barada aýdylanda 20-nji asyryň birinji ýarymynda Aşgabatda Bagşylar öýi döredilýär. Ýurtda döredilen ilkinji türkmen radiosy bagşylary we sazandarlary çekip başlaýar.

Wagtyň geçmegi bilen türkmen sazandarlary diňe bir dutar-gyjak däl, täze saz gurallaryny özleşdirip başlaýar.

Köşüli Aşyr Kulyýew ilkinjileriň hatarynda fortepiano boýunça sapak alypdyr. Bagyrly Weli Muhadow türkmen saz sungatyna düýpli täzeçillik girizýär. Ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň maglumatlaryna görä, kompozitor Çary Artykowyň inisi Bäşim Artykow Türkmenistanda ilkinji bolup, Moskwanyň konserwatoriýasyny tamamlap gelen belli opera aýdymçysy bolýar.

Türkmen dutaryny göterýän adamyň heýkeli. Illýustrasiýa suraty
Türkmen dutaryny göterýän adamyň heýkeli. Illýustrasiýa suraty

Eýýäm 20-nji asyryň birinji ýarymynda türkmen halky opera sungaty bilen hem tanyşyp başlaýar. Aşyr Kulyýew 1942-nji ýylda “Ýusup-Ahmet” operasyny, 1943-nji ýylda Berdi Kerbabaýewiň poemasy esasynda ýazylan “Abadan” operasyny döretmäge gatnaşýar. Daňatar Öwezowyň gatnaşmagynda “Şasenem Garyp” operasy döredilýär.

“Türkmenistanyň professional saz sungaty 50-nji ýyllaryň başynda Bütinsoýuz derejesinde doly ykrar edildi. Kompozitor Weli Muhadowyň döreden “Türkmen suitasy” 1950-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy” diýip, ýazyjy Hudaýberdi Hally ýazýar.

Türkmen operasy

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda welin, Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen Opera we balet teatry ýapylýar. 2000-nji ýyllaryň soňky çärýeginde Türkmenistanda operanyň täzeden dikeldilendigi aýdylsa-da, paýtagtly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew munuň doly dikledilmändigini şeýle düşündirýär:

“Garaşsyzlyk ýyllarynda opera we balet teatryny ýykdylar, ýumurdylar. Häzir indi Magtymguly adyndaky sazly drama teatryny opera-balet teatryna derek döredilen diýýärler. Ýöne ol beýle däl, sebäbi, opera-balet teatrynyň, bolmanda, akustikasy, teatryň içinde sazyň ýaňlanyşy başgaça bolmaly. Orkestriň ýerleşýän ýerleri başgaça bolmaly. Çem gelen ýerde teatryň öňünde ýarym metr-70 santimetr çuňlukda ýer goýup sazandary oturdanyň bilen, opera-balediň sazynam ýerine ýetirip bolanok, şondan alynmaly ozwazy hem alyp bolanok” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

“Ýaňlan Diýarym”, “Garaşsyzlygyň Merjen Däneleri”...

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda her ýyl Ýaňlan Diýarym aýdym-saz tele-bäsleşigi geçirilýär. Onuň gapdalyndan ýaş çagalaryň arasynda aýdym aýtmak boýunça Garaşsyzlygyň Merjen däneleri atly aýdym-saz bäsleşigi geçirilýär. Bu bäsleşikleriň üsti bilen ýurduň çar künjeginden müňlerçe bagşynyň arasyndan aýymçylar saýlanýar. Bu gürrüňi aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle dowam edýär:

Türkmen aýdymçylary. Arhiwden alnan surat
Türkmen aýdymçylary. Arhiwden alnan surat

“Bularyň hersine-de ortaça etrap derejesinde başlanýar, iň soňunda döwlet derejesinde jemlenýär. Bu bäseşikleriň jemine ýurt boýunça alanyňda azyndan 100 müňe ýakyn adam gatnaşýar. Soňunda 10-12 adamy şol 100 müň adamyň içinden saýlanyp çykan adamlar diýip atlandyrýarlar. Olara baýrak berilýär. Ýöne bu ýerde şunça adamyň gatnaşýandygy bilen, şunça çäreleriň geçirilýändigi bilen, Türkmenistanda aýdym-saz sungatynyň şu günki ýagdaýy juda gözgyny. Aýdym-saz sungatyna diňe bir ýöredilýän döwlet syýasatyna mahabatçy hökmünde seredilýär” diýip, Bugaýew belledi.

Syýasatyň “waspy”

Ýazyjy Bugaýew aýdymlardaky syýasatyň waspynyň adamlara ýetirýän täsirini şeýle düşündirdi:

“Döwlet baştutanyny, ýöreilýän syýasaty wasp etmeli. Türkmeniň bir gowy sözi bar, aýdymlar “irizýär” diňleýjini. Türkmen telewideniýesiniň, türkmen radiosynyň diňlenmeýändiginiň sebäbi şol” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew soňky ýyllarda ýurdy terk eden türkmenistanly bir aýdymçynyň daşary ýurtda gazanan üstünliginiň mysalynda sungat üçin erkinligiň ähmiýetini şeýle düşündirdi:

“Ka-Re (Kakajan Rejepow, aýdymçy, - red.) hakda gürrüň etsek, ýakynda şonuň bir aýdymy Orsýetiň aýdym “çartlarynyň” iň depesine çykypdyr diýip eşitdim. Elbetde ol Türkmenistanda şol aýdymyny çykaran bolanda, olar ýaly derejä ýetmezdi diýip pikir edýärin. Sebäbi, aýdyşym ýaly, her ädim ätjek bolsaň Türkmenistanda gerekli rugstnama almaly bolýarsyň. Sungat edaralardan, ýa-da degişli başga edaralardan [rugsat] almaly, şondan soň aýdymçymy, ýazyjymy öz işlerini halk köpçüligine ýetirip biler. Ynha, Ka-Re Orsýete gitdi, Türkmenistany terk etdi. Ol ýerde sungat taýdan, aýdym-saz taýdan erkinlik bar. Gowuja bir aýdym ýazdy, şony aýtdy, ynha-da netijesi” diýip, Mätiýew belledi.

Publisist ýazyjy Bugaýew ýurtdaky “aýdymçy bolçulygynda aýdym gytçylygyny” şeýle düşündirdi:

“Orta hasap bilen, ýurtda sazandaryny zadyny goşsaň, bolmanda, 1 million adam dagy aýdym saz bilen meşgullanýar. Şular at getirenok-da at ýitirýärler. Birinjiden-ä türkmen aýdym-saz sungaty ogurlyk eserlerden doldy. diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

“Döwrebap” bagşylar

Häzirki zaman türkmen estrada sungatyny yzarlaýan synçylaryň aýtmagyna görä, soňky çykan bagşylaryň arasynda döredýän aýdymlarynda we olaryň kliplerinde döwrebap tilsimlerden peýdalanýanlara duş gelmek bolýar. Olar özleriniň eserlerini ýaýmak üçin Türkmenistanda petikli saklanýan Instagram ýaly sosial saýtlardan hem peýdalanmagy başarýar. Ýöne ýazyjy Bugaýewiň tassyklamagyna görä, halkyň aýdymçylardan talap edýän aýdymlarynyň mazmuny hem ýönekeýleşip barýar. Ol türkmen döwlet telewideniýesinde efire berlen bir aýdymyň mysalynda, häzirki bagşylaryň arasynda duş gelinýän awtorlyk hukuk kemsitmelerini şeýle düşündirdi:

“Gara Seýitliniň sözlerine döredilen bir aýdym bardy. Şonda şeýle diýilýär:

Ýörişiň messan-messan,

Her bakyşyň bir dessan.

Seni dünýä bagyş eden

Gözel ülke Hindistan.

Şuny Gara Seýitiliniň sözlerine Daňatar Öwezowyň döreden aýdymy. Indi, häzir şuny 15-20 sany bagşy ýerine ýetirýär. Özi hem ýerine ýetirýän bagşylar sözi meniňki diýip aýdýarlar. Nä derejede ogrulyk edýärler!?

Ýörişiň messan-messan,

Her bakyşyň bir dessan.

Seniň waspyňy aýdyp,

Bagşy düzdi bir dessan

Ine, bolany şol! Indi şonam subtitrde, ýagny aýdym ýerine ýetirilende “sözleri pylanyňky” diýip ýazamaga-da çekinenoklar. Ony edýänlerem şol telewideniýäniň redaktorlary, döredijilik işgärleri” diýip, Bugaýew aýtdy.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew aýdym-sazly söhbet boýunça beren gürrüňinde prezidentiň eline gitara alyp aýdýan aýdymyny teswirledi. Ol häzirki wagtda ilatyň agyr şertlerde ýaşaýandygyny, halkyň esasy iýmit önümleriniň gytçylygyny, derman serişdeleriniň gytçylygyny başdan geçirýändigini, ýöne beýleki tarapdan prezidentiň halk şeýle kynçylygy başdan geçirýän wagty eline gitara alyp aýdym ýerine ýetirmegini köpleriň oňlamaýandygyny gürrüň berdi.

“Mysal üçin, dermanhanalarda derman ýetmezçilik edýär, döwlete degişli dükanlarda, mysal üçin, azyk-harytlary ýetmezçilik edýär. [Adamlar] şolary görüp, öýlerine baransoň, telewizorlaryny açanda eli gitaraly prezidenti görenlerinde nähili duýgy döreýärkä?” diýip, Mätiýew aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG