Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow senedi bilen tanalan aýdymçylaryň ikisine hormatly at berdi


Dutarly adamyň heýkeli
Dutarly adamyň heýkeli

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni il içinde döreden aýdym-saz eserleri bilen giňden tanalýan estrada aýdymçylarynyň ikisine - Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Halk döredijilik bölüminiň çeper ýolbaşçysy Şamämmet Bäşimowa hem-de “A-Studio” firmasynyň direktory Akmuhammet Saparowa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karara gol çekdi.

Hökümet kararynda aýdymçylara bu hormatly adyň ak ýürekden çekilen zähmet üçin berlendigi aýdylýar.

Şamämmet Bäşimow halk içinde ilki “Güneş”, soňra “Dessan” ansambllarynyň aýdymçylarynyň hataryndaky aýdym-sazlary bilen giňden meşhur bolan bolsa, Akmuhamet Saparow halk içinde Magtymgulynyň sözlerine aýdýan “Başlady”, şahyr Aşyrguly Baýryýewiň sözlerine ýerine ýetirýän “Razy men bu dünýeden” ýaly aýdymlary bilen tanaldy.

Emma Akmuhamet Saparow S.Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllarynda ýanamalara hem sezewar boldy.

XS
SM
MD
LG