ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 26-njy ýanwarda geçiriljek adatdan daşary duşuşykda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny oppozisiýa lideri Huan Guaidony Wenezuelanyň geçiş prezidenti hökmünde ykrar etmäge çagyrar diýip, Döwlet departamentiniň 25-nji ýanwardaky beýanatynda aýdylýar.
"Sekretar Pompeo Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny we halkara jemgyýetçiligini Huan Guaidony Wenezualanyň konstitusiýa boýunça geçiş prezidenti diýip ykrar etmek bilen, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goldamaga hem-de geçiş hökümetiniň demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny dikeltmek tagallalaryna ýardam bermäge çagyrar” diýip, beýanatda aýdylýar.
15 agzaly geňeşiň duşuşygy, ABŞ we regiondaky ýurtlaryň bir topary Guaidony döwlet baştutany hökmünde ykrar edip, prezident Nikolas Madurany işden çekilmäge çagyrandan soň, Birleşen Ştatlaryň talaby bilen geçiriler.
Maduro adam hukuklaryny bozmak aýyplamalarynda we Wenezuelanyň ykdysadyýetini düzedip bilmezlikde tankyt edilýär.
Eger-de Wenezuela babatda BMG-niň howpsuzlyk geňeşi geçirilse, Moskwa halkara kanunçylygynyň berjaý edilmegini talap eder diýip, Orsýetiň RIA habar gullugy daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 25-nji ýanwarda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!