ABŞ-nyň we Kanadanyň söweş uçarlary Orsýetiň ýadro ýaraglaryny götermäge ukyply iki sany bombaçysynyň daşyny gallap, olary demirgazyk amerikan kenarlarynyň golaýyndan kowup çykardylar diýip, harby resmiler aýtdy.
Aerokosmiki goranyş boýunça Demirgazyk Amerikan komandowaniýesi 26-njy ýanwarda Orsýetiň iki sany “Tu-160" strategik bombaçysynyň 25-nji ýanwarda Kanada patyşalygynyň harby-howa güýçleri tarapyndan goralýan zona girende tanalandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň iki sany "F-22" we Kanadanyň iki sany "CF-18" söweş uçary derhal bu ýere uçup bardy we rus bombaçylarynyň daşyny gallap, olary bu zonadan çykaryp kowdy diýip, beýanatda aýdylýar.
Habarda bu wakanyň anyk nirede bolandygy aýdylmaýar.
Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy ABŞ resmilerine salgylanyp, rus uçarlarynyň “başga biriniň territoriýasyna” girmändigini habar berdi.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda iki strategik bombaçynyň “Demirgazyk Buzly okeanyň aralyk suwlarynyň ýokarsynda planlaşdyrylan uçuşy tamamlap, 15 sagatlyk uçuş mahalynda ýangyç guýmak praktikasyny amala aşyrandyklary aýdylýar.
Moskwanyň öz harby kuwwatyny mazamlap başlamagy bilen, rus we NATO uçarlarynyň dünýäniň dürli ýerlerinde gapma-garşy gelmegi soňky ýyllarda barha gürelýäne meňzeýär.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?