Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goramak baradaky komitet eýranly žurnalistiň türmä basylmagyny ýazgarýar


 Eýranly žurnalist Ýaşar Soltany
Eýranly žurnalist Ýaşar Soltany

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) eýranly žurnalist Ýaşar Soltanynyň garşyna 5 ýyl türme tussaglygy höküminiň çykarylmagyny ýazgardy we žurnalistleri öz işlerini edýändikleri üçin yzarlamagy bes etmäge çagyrdy.

"Öz ýurdunda korrupsiýa hakynda habar berýän žurnalisti tussag etmek kabul ederlik däl we bu diňe korrupsiýanyň dowam etmegine ýol açar” diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika programmasynyň utgaşdyryjysy Şerif Mansuryň 25-nji ýanwarda çap edilen beýanatynda aýdylýar.

Eýranyň sudy 23-nji ýanwarda Tähranda munisipal emläk söwdasyndaky korrupsiýany derňän žurnalist Soltany “ýalany ýaratmakda” we “milli howpsuzlyga zyýan ýetirmek niýeti bilen maglumat toplamakda” günäli tapyp, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Şeýle-de Soltany türmeden boşanyndan soň iki ýyllap syýasy we media aktiwliklerine gatnaşmasyz, ýurtdan daşyna gitmesiz edildi diýip, eýran mediasy habar berdi.

XS
SM
MD
LG