Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Kabula sapar edýär


ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad
ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad

ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad Katarda owgan “Talybany” bilen alty günläp gepleşikleri geçireninden soň, häzir owgan hökümetiniň resmileri bilen, ýurtdaky dowam edýän 17 ýyllyk urşy parahatçylyk ýollary arkaly çözmek ugrunda, Kabulda konsultasiýalary alyp barýar.

Bu sapardan öň, Khalilzad, ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo, şeýle-de “Talyban” resmileri gepleşikleriň dowamynda gazanylan öňegidişlikleri oňlap, çykyş etdiler.

Reuters habarlar gullugyň berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň netijesinde taraplar “25-nji fewralda hem duşuşmak barada deslapky ylalaşyga gelipdirler”.

Khalilzad özüniň Twitter hasabynda ABŞ-nyň we “Talybanyň” Dohadaky gepleşiklerde “düýpli öňegidişlikleri” gazanandyklaryny aýdyp, ýazgy galdyrdy.

Ol “entek maslahatlaşmaly ýene meseleleriň galandygyny”, şeýle-de “ähli zat ylalaşylmaýança, hiç zadyň ylalaşylmandygyny” hem belläp geçdi.

“Talybanyň” metbugat wekili gepleşikleriň dowamynda “öňegidişlikleriň” bolandygyny aýtsa-da, ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşyga gelnendigi baradaky maglumatlary ret etdi. Ol “çözülmedik meseleler” boýunça gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG