Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Rusala, Deripaska bilen ilteşikli beýleki kärhanalara girizilen sanskiýalary ýatyrdy

Rus milliarderi Oleg Deripaska
Rus milliarderi Oleg Deripaska

ABŞ-nyň Maliýe departamenti rus oligarhy Oleg Deripaska bilen ilteşikli üç kompaniýa garşy girizilen sanksiýalaryň aradan aýrylandygyny mälim etdi.

Bu ädime Demokratlaryň gözegçiligindäki ABŞ-nyň Wekiller Öýi garşy çykyp gelýärdi.

Maliýe departamentiniň ýaýradan beýanatyna görä, sanksiýalaryň aradan aýrylmagyna alýumin läheňi Rusaldan, onuň esas En+ kärhanasyndan we elektro-energiýa EuroSibEnergo kompaniýasyndan “Oleg Deripaskanyň gönümel ýa-da gytaklaýyn paýlarynyň kemeldilmegi, şeýle-de bu kompaniýalardan onuň gözegçiliginiň aradan aýrylmagy” sebäp bolupdyr.

Sanksiýalar ilki başda aprel aýynda girizilipdi. Emma munuň netijesinde, metalyň dünýä bazarynda tolgunmalar döräp, bu hem öz gezeginde ABŞ-daky we Ýewropadaky bizneslere täsirini ýetirip başlady.

Rusal dünýädäki iň iri alýumin öndürijileriniň biridir.

ABŞ-nyň administrasiýasy rus firmalary bilen, Deripaskanyň kompaniýalardaky gözegçiliginiň aradan aýrylmagynyň öwezine sanskiýalary togtatmak barada, ylalaşyga geldi.

ABŞ-ly tankytçylar prezident Donad Trampy, öwezine hiç zat alman, Russiýa köp eglişikleri etmekde aýyplaýarlar.

Tramp öz gezeginde ozalky prezidentlerden tapawutlylykda Russiýa babatynda berk syýasaty alyp barýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG