Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibirde bomba haýbatlary sebäpli köpçülikleýin ewakuasiýa geçirildi


Kemerowo
Kemerowo

Russiýanyň Sibir regionynda edilen bomba haýbatlarynyň netijesinde administratiw binalardan, keselhanalardan we mekdeplerden müňlerçe adam ewakuasiýa edildi.

Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, partladyjylaryň ýerleşdirilendigi baradaky haýbatly hatlar emeýl, ýagny elektron-poçta arkaly ýollanypdyr.

Munuň netijesinde, Sibiriň Kemerowo, Hakasýa, Omsk, Nowosibirsk, Irkutsk, Altaýskiý Kraý we Krasnoýarskiý Kraý regionlarda adamlar ewakuasiýa edildi.

Hakasýanyň we Nowosibirskiň resmileri partladyjy serişdeleriň tapylmandygyny aýtdylar.

Resmiler bu bomba haýbatlarynyň arkasynda kimiň durup bilendigi barada hiç hili çykyş etmediler.

Geçen hepde hem şular ýaly haýbatlar sebäpli Russiýanyň Sibir we Uzak Gündogar sebitlerinde köpçülikleýin ewakuasiýalar geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG