Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň ýolbaşçysy, Pentagonyň başlygy owgan parahatçylyk gepleşiklerine oňaýly baha berdiler


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad

NATO-nyň ýolbaşçysy we Pentoganyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi owgan “Talybany” bilen alnyp barylýan gepleşiklerde öňegidişlikleriň gazanylmagyny oňaýly garşyladylar.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň we goranmak sekretaryň wezipesini ýerine ýetirijisi Patrik Şanahanyň beýanatlaryndan öň, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili hem “Talyban” bilen Dohadaky geçirilen gepleşikleriň netijelerine gowy baha berip çykyş etdi.

“Dohadaky duşuşyk ozalkylar bilen deňeşdireniňde has gowy geçdi. Gepleşikleriň dowamynda biz möhüm meseleler boýunça öňegidişlikleri gazandyk, şeýle-de beýleki käbir möhüm ýagdaýlar boýunça prinsipial ylalaşyga gelmegi başardyk” diýip, Zalmaý Khalilzad Kabulda çykyş etdi.

“Biziň üstünlik gazandyk diýip bilmegimiz üçin ýene-de köp işler edilmeli. Emma, şu sapar ilkinji gezek biz möhüm öňegidişligi gazanandygymyzy aýdyp bileris” diýip, Khalilzad sözüne goşdy.

Stoltenberg “jeňçileriň söweş meýdanynda ýeňiş gazanyp bilmejekdiklerini, şol sebäpli-de olaryň oturyp gepleşmelidiklerini” aýtdy. Şeýle-de, ol “Talyban” bilen gepleşiklerdäki öňegidişliklere gowy baha berdi.

XS
SM
MD
LG