Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TI: Türkmenistandaky parahorlugyň derejesi sebit boýunça iň ýokary


Illýustrasiýa suraty

“Transparency International” guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerinde jemgyýetçilik pudagyndaky parahorlugyň gerimini kemeltmek ugrunda öňegidişligiň gazanylmandygyny aýdyp, munuň netijesinde regiondaky demokratiýa howp abanýandygyny hem duýdurdy.

Düýbi Berlinde ýerleşýän guramanyň ýyllyk çap edýän hasabatynda Türkmenistana Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň arasynda iň pes baha berildi. Ol syn berlen 180 ýurduň arasynda 161-nji orunda ýerleşdirilip, oňa 20 bal berildi.

Syn berilýän ýurtda parahorlugyň derejesi näçe ýokary bolsa, oňa berlen bal hem degişlilikde pes bolýar.

Hasabatdaky iň ýokary – 88 bal Daniýa berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG