Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Madurony goldamak üçin “ähli zady” etjekdigini söz berýär


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Rus resmileri Wenesuelanyň häkimiýet başynda galmakçy bolýan prezidenti Nikolas Madurony goldajakdyklaryny söz berdiler, şeýle-de ABŞ-nyň Wenesuelanyň döwlet eýeçiligindäki PDVSA kompaniýasyna garşy sanksiýalary girizmegini tankytladylar.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň oppozisiýa lideri Juan Guaidony Wenesuelanyň geçiji prezidenti diýip ykrar etmegi bilen, “režimiň bikanun ýagdaýda çalşyrylmagy üçin esas döredendigini” öňe sürüp, Waşingtony tankytlady.

Lawrow Maduronyň hökümetini goldamak üçin anyk haýsy çäreleriň görüljekdigi barada hiç zat aýtmady.

Bu aralykda, prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowdan ABŞ harbylarynyň Wenesueladaky krizise goşulan ýagdaýynda rus harbylarynyň hem ol ýere ugradylyp-ugradylmajakdygy barada soralanda, ol muňa jogap bermekden saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG