Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen-eýran wekiliýetleri Tähranda duşuşdy: Türkmenler gaz dawasyny oňşukly çözmegi teklip edýär


Türkmen delegasiýasy Tährana sapar etdi.

26-njy ýanwarda Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat çap etdi.

Tährana sapar eden türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen delegasiýasy ýekşenbe güni Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen hem duşuşdy.

29-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy hökümete ýakyn çeşmesiniň sözlerine salgylanyp, duşuşyklaryň barşynda taraplaryň arasynda dowam edýän gaz dawalarynyň hem maslahat edilendigini habar berdi.

Ýatlasak, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana iberýän gazyny togtatdy. 2018-nji ýylyň awgust aýynda gaz dawasy bilen bagly taraplar birek-biregi Halkara arbitraž suduna berdi.

Iki ýurduň arasyndaky energiýa gatnaşyklaryndan habarly hökümete ýakyn çeşme, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysyna beren gürrüňinde soňky gepleşiklerde gaz dawalarynyň maslahat edilendigini şeýle gürrüň berdi:

“Türkmen delegasiýasy beýleki meseleler bilen bir hatarda gaz dawasyny dostlukly çözmegi teklip etdi. Ýöne biz gaz ibermegi bes edip, üstesine olary suda-da berenden soň, Eýran sypaýyçylyk bilen ýylgyryp muny ret edýär. Köpler sud işiniň biziň peýdamyza çözülmejekdigini aýdýar” diýip, hökümete ýakyn çeşme metbugatda çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň, atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda söwda pudagynda bar bolan meselelere degip geçdi:

“Geçen ýylyň aýagynda biziň telekeçilerimize Eýrandan haryt import etmek gadagan edildi. Olara degişli 2 prosent ýeňillikli walýuta alyş-çalşygy ýapyldy. Gök-bakja önümleri, hojalyk harytlary, sabyn, diş pastasy ýaly senagat önümleri Eýrandan satyn alynýardy. Eýrandan importyň gadagan edilmegi, biziň bazarlarymyzdaky ýagdaýlara kömek etmedi. Gadagançylyk girizilenden soň, degişli harytlaryň bazar nyrhlary 50-60 prosent gymmatlady” diýip, ýagdaýlardana habarly çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýty 28-nji ýanwarda çap eden maglumatynda Tähranda geçirilen türkmen-eýran gepleşiklerinde syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygyň maslahat edilendigini habar berdi. Şeýle-de, taraplar “energetika, ulag we söwda ýaly ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine üns çekdiler” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýazýar. Gepleşiklerde, konsullyk meseleleri, taraplaryň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda maglumat alyş gurallaryny aktiwleşdirmek ýaly beýleki meseleler hem maslahat edilipdir.

Eýranyň Tasnim habar agentliginiň ýazmagyna görä, Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif türkmen delegasiýasy bilen 27-nji ýanwarda geçiren duşuşygynda halkara proýektler boýunça Türkmenistan bilen Hazarda hyzmatdaşlyga özleriniň taýýardygyny aýdypdyr.

“Bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrmak arkaly biz Eýran bilen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklarymyzy giňeltmegä hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegä mümkinçilik döretmäge synanyşýarys” diýip, Wepa Hajyýew Eýranyň Tasnim habar agentliginde sitirlendi.

“Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara hiç bir mesele täsir etmeli däldir” diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar agentligi Jawad Zarifiň sözlerini getirýär.

Şenbe güni türkmen wekiliýeti Eýranyň daşary işler ministrliniň orunbasary Abbas Arakçynyň ýolbaşçylygyndaky eýran delegasiýasy bilen hem duşuşdy. Bu duşuşykda syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de energiýa we tranzit ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahat edildi diýip, Tasnim habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG